Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan paýtagtynda iki sany partlama boldy


Owganystanyň paýtagty Kabulda iki sany partlama boldy. Habara görä, bu janyndan geçen adamlaryň hüjümine çalym edýär.

“Associated Press” habarlar gullugynyň polisiýanyň bir işgärine salgylanyp maglumat bermegine görä, bu wakalarda azyndan üç adam ölüpdir.

Halkara güýçleriň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, deslapky maglumatlara laýyklykda, partlamalar Britaniýanyň hökümeti tarapyndan dolandyrylýan bazada bolupdyr.

“Reuters” habar agentliginiň aýtmagyna görä, hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne alypdyr.
XS
SM
MD
LG