Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Gaza zolagynda operasiýa geçirdi


Ysraýylyň harbylary Gaza zolagynda howa hüjümlerini amala aşyrdylar.

Bu wakalardan öň, Ysraýylyň günortasynda ýaragly adamlaryň hüjümi bolupdy. Penşenbe güni Gyzyl deňziň golaýyndaky Eýlat şäherinde amala aşyrylan bu hüjümde sekiz adam öldi, 25 töweregi adam ýaralandy.

Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we BMG ol hüjümi ýazgardy.

Habara görä, Ysraýylyň esgerleriniň we harby uçarlarynyň amala aşyran hüjümlerinde söweşijileriň ýedisi öldürilipdir.

Eýlat şäherindäki hüjümi “Hamasa” ygrarly toparyň amala aşyrandygy aýdylýar.

Gaza zolagyna gözegçilik edýän “Hamas” bu hüjüme özüniň dahylynyň ýokdugyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG