Sepleriň elýeterliligi

Benin Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi


Afrikanyň günbataryndaky Benin döwleti Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Bu barada Kosowanyň premýer-ministriniň orunbasary aýdýar.

Begjet Pakolliniň beren maglumatyna görä, ol Beniniň prezidenti Homas Boni Yaýidan 2008-nji ýylda Kosowanyň Serbiýadan aýrylmagyny ykrar edýän haty alypdyr. Benin Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar eden 80-nji ýurtdyr.

Pakolliniň Afrika ýurtlaryna saparynyň çäginde, şu hepdäniň dowamynda Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar eden üçünji ýurt Benin boldy.

Mundan öň, Kosowanyň garaşsyzlygyny Niger we Gwineýa hem ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG