Sepleriň elýeterliligi

Kuba terrory goldaýanlaryň sanawynda galdyryldy


Birleşen Ştatlar terroristleri goldaýan ýurtlar boýunça özüniň ýyllyk hasabatyndaky sanawyndan Kubany aýyrmady. Bu ýagdaý ABŞ bilen Kubanyň gatnaşyklarynyň entegem doňaklykda galýandygyny görkezýär.

Hasabatda Kubanyň Kolumbiýadaky gozgalaňçylar, şeýle-de gazaply çäreleri ulanýan beýleki toparlar bilen gatnaşygynyň bardygy aradan aýrylmaýar.

“2010-njy ýylda Kubanyň hökümeti terrorizme garşy durýandygyny we terrorçylary maliýeleşdirmeýändigini yglan etdi, emma Kubanyň “Kolumbiýanyň rewolýusion ýaragly güýçleri” bilen gatnaşygyny kesendigini subut edýän delil ýok” diýilýär.
XS
SM
MD
LG