Sepleriň elýeterliligi

Ozalky SSSR-däki GKÇP synanyşygyna 20 ýyl doldy


Ozalky SSSR-de režimi saklap galmak üçin edilen we GKÇP ady bilen taryha giren döwlet agdarylyşygy synanyşygyna 20 ýyl doldy.

GKÇP, ýagny Adatdan daşary ýagdaý boýunça döwlet komiteti SSSR-iň häkimiýetini prezident Mihail Gorbaçýowdan almaga synanyşypdy.

Döwlet agdarylyşygy synanyşygy Boris Ýelsiniň hem gatnaşmagynda gurnalan halk garşylygyndan soň, 21-nji awgustda basylyp ýatyrylypdy.

Şondan soň Gorbaçýow häkimiýete dolanypdy. Emma bu wakalar SSSR-iň dargamagyna itergi beren hereketler hökmünde häsiýetlendirilýär.
XS
SM
MD
LG