Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň premýeri Erdogan Somalä sapar edýär


Türkiýäniň premýeri Rejep Taýýip Erdogan anna güni Somalä bardy. Bu ýurtda uzaga çeken gurakçylyk zerarly millionlarça adama açlykdan ölmek howpy abanýar.

Erdogan paýtagt Mogadişudaky hassahana we bosgunlaryň wagtlaýyn çadyrlaryna baryp görer.

Mundan öň, Türkiýede geçen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde Erdogan Somalä 350 million dollar kömek goýbermäge söz beripdi.
XS
SM
MD
LG