Sepleriň elýeterliligi

Türk harbylary kürt separatistlerine garşy zarba urdy


Türkiýäniň harby howa güýçleri Yragyň demirgazygyndaky kürt separatistlerine garşy ýene zarba urdular.

Türkiýäniň harby komandowaniýesiniň maglumatyna görä, 28 obýekt bombalanypdyr. Artilleriýa bolsa 96 nyşana ok atypdyr.

Iki güne çeken bu harby çäreler “Kürt Işçi Partiýasynyň” nobatdaky hüjümine jogap boldy diýlip, habar berilýär.

Iýul aýynyň başyndan bäri 40 çemesi türk esgeri “Kürt Işçi Partiýasynyň” hüjümleriniň pidasy bolupdy.
XS
SM
MD
LG