Sepleriň elýeterliligi

Müsür özüniň Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy


Anna güni Müsüriň hökümeti serhet ýakada Ysraýylyň harbylarynyň eden hüjüminde ýurduň bäş sany howpsuzlyk işgäriniň ölmegine jogap edip, özüniň Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy.

Maglumata görä, iki ýurduň serhet ýakasyndaky bu waka Ysraýylyň günorta regionyna näbelli ýaragly hüjümçileriň amala aşyran raketa hüjümleriniň yzy bilen ýüze çykypdyr.

Hepdäniň penşbe güni amala aşyrylan şol raketa hüjümlerinde Ysraýylyň sekiz ýaşaýjysy öldürilipdi. Muňa gaýtawul hökmünde geçirilen hüjümde Müsüriň howpsuzlyk işgärleriniň ölmegi Müsürde uly gahar-gazap döretdi.

Şenbe güni gahar-gazaba münen müsürlilieriň ýüzlerçesi Kairde Ysraýylyň ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdiler. Käbir protestçiler hatda ilçihananyň binasyna hüjüm etmäge synanyşdylar.

Müsüriň hökümeti Ysraýylyň harbylaryň bu hüjümini iki ýurduň arasynda 1979-njy baglaşylan parahatçylyk ylalaşygynyň birtaraplaýyn bozulmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu baradaky beýanatda tä Ysraýyl bu waka boýunça geçiren derňewleriniň netijesini aýan edýänçä we Müsürden ötünç soraýança Müsüriň ilçisiniň Ysraýyla ugradylmajakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG