Sepleriň elýeterliligi

Gozgalaňçylar Kaddafiniň güýçleri bilen söweşýär


Liwiýanyň oppozision söweşijileri paýtagt Tripoliniň iki tarapyndaky şäherlerde Muammar Kaddafiniň güýçleri bilen söweş alyp barýarlar.

Hususan-da, bu söweşler Tripoliden 50 kilometr töweregi günbatarda ýerleşýän Zawiýah şäherinde hem-de Tripoliniň gündogar tarapynda ýerleşýän Zlitan şäherinde alnyp barylýar.

Oppozision güýçler ýurduň paýtagtynyň edil alkymynda ýerleşýän bu strategik taýdan möhüm şäherlerde kontrollygy doly ele almaga çalyşýarlar.

Bu wakalaryň fonunda anna güni oppozision güýçler Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň ozalky ýakyn kömekçilerinden biri Abdul Salam Jalloudyň oppozision güýçleriň tarapyna geçendigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG