Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň awtoritar lideri Orsýete bardy


Şenbe güni Orsýetiň hökümeti Demirgazyk Koreýanyň awtoritar lideri Kim Jong Iliň resmi sapar bilen Orsýetiň Uzak Gündogar regionyna gelendigini habar berdi.

Maglumata görä, Kim Jong Iliň otlusy Týumen derýasyndan geçip, Orsýetiň Uzak Gündogar regionyndaky Hasan şäherine barypdyr.

Orsýetiň habar agentlikleri Demirgazyk Koreýanyň lideriniň şu geljek hepdäniň sişenbe güni Ulan-Ude şäherinde Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen gepleşik geçirjekdigini habar berýärler.

Gepleşiklerde iki ýurduň dürli ugurlar boýunça, aýratynam, energetika sektoryndaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat ediler diýlip garaşylýar.

Demirgazyk Koreýanyň lideri soňky gezek Orsýete 2002-nji ýylda sapar edipdi.
XS
SM
MD
LG