Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada ölenleriň sany 51-e ýetdi


Şenbe güni Pakistanyň hökümet resmileri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Hyber raýonynda janyndan geçen hüjümçiniň anna güni amala aşyran partlamasyndan ölen adamlaryň sanynyň 51-e ýetendigini habar berdiler.

Anna güni bu wakada Hyber raýonyndaky Jamrud atly ilatly punktda bir metjidiň içinde juma namazyna ýygnanan adamlaryň arasynda janyndan geçen bir hüjümçi partlama amala aşyrypdy.

Partlamanyň amala aşyrylan wagty metjidiň içinde 500-den gowrak adamyň bolandygy habar berilýär. Wakada 120-den gowrak adamyň hem ýaralanandygy aýdylýär.
XS
SM
MD
LG