Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Imperatoryň täze lybasy” ýa-da täze aýdym kimiňki?


Ýakynda Azatlyk Radiosy “YouTube” internet saýtynda aşgabatly tanymal aýdymçylardan biri Döwlet Amanlykowyň “Toý gününde” diýen aýdymynyň üstünden bardy. Bu aýdym hut ýakynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eline gitara alyp, köpçüligiň öňünde aýdan “Saňa meniň ak güllerim” diýen aýdymy bolup çykdy. Özi-de bu iki aýdymyň haýsydyr bir böleginiň däl-de, eýsem boýdan-başa ähli sözleriniň we sazynyň biri-birine doly bap gelmegi juda garaşylmadyk waka boldy.



Bagşy Döwlet Amanlykowyň bu aýdymy 2009-njy ýylda ýazga geçirilipdir. Emma, muňa garamazdan, ýakynda, 29-njy iýunda Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp Aşgabatda gurnalan konsertde dünýä aýdym-saz ýyldyzlarynyň hatarynda prezident Berdimuhamedowyň sahna çykyp, şu aýdymy aýtmazynyň öňýany, bu tomaşany alyp baryjylar bu aýdymyň sözleriniň-de, sazynyň-da hut prezidentiň özüniňkidigini yglan edipdiler.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew prezidentiň şol aýdymy aýdan güni, onuň ogurlyk aýdymdygy barada dessine ilat arasynda gürrüňleriň peýda bolandygyny aýdýar.

Prezidentiň şeýle aýdym aýdandygy baradaky maglumat Azatlyk Radiosynyň internet saýtynda peýda bolanda, oňa seslenme ýazan käbir diňleýjiler hatda şol aýdymy aýdýan hakyky sesiň hem prezidentiň öz sesi däldigini, Berdimuhamedowyň diňe başga bir professional aýdymçynyň sesiniň üstünden ýuwaşja ses bilen hiňlenýändigini ýazypdylar.

Kesekiniň aýdymyny sözi we sazy bilen bilelikde dolulygyna öz adyňa geçirmek ýaly ogurlyk wakasy sungat äleminde juda seýrek duş gelýär. Dogrusy, sungatyň taryhyndan edil şeýle wakany ýadyňa getiräýmek hem kyn.

Eýsem, türkmen prezidentiniň ýakynda intellektual önümleriň awtorlyk hukuklary baradaky kanuna gol çekmeginiň yzýany onuň özüniň kesekiniň aýdymynyň awtorlyk hukugyny öz adyna geçirip, şeýle hereket etmegine näme sebäp bolup biler? Muňa nähili beýle töwekgelçilikli zerurlyk bolduka?

29-njy iýunda «Ruhyýet» köşgünde guralan konsertde aýdymyň awtory yglan edilýär.


Hukuk meselelerini öwreniji garaşsyz žurnalist, ýazyjy Akmuhammet Welsapar beýle hereketiň, hakykatdanam, gaty geňdigini, emma, beýleki tarapdan, Türkmenistanyň döwlet liderlerine gezek gelende, beýle tendensiýanyň täzelik bir zat däldigini aýdýar.

“Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem öz “Ruhnama” kitabynyň adyny özüni öwüp makala ýazan başga bir körzehin ýazyjynyň eseriniň adyndan alypdy. “Ruhnamanyň” içinde bolsa, onuň britaniýaly bir belli taryhçy alymyň taryhy eserinden 70 sahypadan gowrak bölegini sözme-söz göçürip ýazandygynyň üsti açylypdy. Indi häzirki prezidentem şol ozalky prezidentiň ýoluny gaýtalaýar” diýip, Welsapar belleýär.

Welsaparyň hem belleýşi ýaly, käbir ýerli synçylar Türkmenistanyň ozalky prezidentiňem, häzirki prezidentiniňem häkimiýet başyna gelmezlerinden ozal sungat ugrundan hiç bir hili başarnyk görkezmändiklerine garamazdan, soňra birdenkä häkimiýetiň başyna gelip, olaryň özlerini sungatyň adamsy edip görkezmek üçin öz häkimiýetlerinden her dürli usullar bilen hyýanatçylykly peýdalanýandyklaryny belleýärler.

Ýazgulyýew döwlet ýolbaşçysynyň döwlet işi bilen gümra bolmalydygyny nygtap, şeýle diýýär: “Dogrusyny dogry aýtmaly, Nyýazowa meňzeşlikde, häzirki prezident hem ýazyjy däl ýa şahyr däl – ol döredijilikden daşdaky adam. Döwlet ýolbaşçysy döwlet işleri bilen meşgullanmaly. Ol aýdymam aýtmaly däl, at hem çapmaly däl, ýa-da at hakynda, ot hakynda kitap ýazyp ýörmeli däl-de, döwlet işleri bilen meşgullanmaly. Eger döwlet baştutany döredijilik işleri bilen gümra bolup ýören bolsa, ol döwlet işlerini haçan ýerine ýetirýärkä diýen sorag ýüze çykýar”.

Siwilizlenen, demokratik ýurtlarda awtorlyk hukugynyň depelenmegi bilen baglanyşykly bular ýaly meseleler suduň üsti bilen çözülip, hukugy bozulan adamyň kanuny hukugy dikeldilýär we bu hukugy bozan adama temmi berlip, ondan kompensasiýalar talap edilýär.

Eýsem, Türkmenistanda Berdimuhamedowyň öz adyna geçiren aýdymynyň hakyky awtorynyň kanuny hukugynyň dikeldilmegi mümkin zatmy? Bu soraga ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmenistan Helsinki Fondunyň başlygy Täjigul Begmedowa “Türkmenistanda sud we kanun goraýjy häkimiýetiň döwlet ýolbaşçysyna doly diýen ýaly garaşly häzirki ýagdaýynda bu ugurda adalatlylygyň dikeldilmegine umyt baglamak gaty kyn” diýip jogap berdi.

Beýleki tarapdan, žurnalist, ýazyjy Welsapar Türkmenistanyň häzirki şertlerinde hatda “şol aýdymyň hakyky awtorynyň özüne jeza berlipdir” diýen habaryň peýda bolmagyna-da garaşyp boljakdygyny aýdyp, bu barada öz aladasyny mälim etdi.



Mundan birnäçe ýyl ozal Saparmyrat Nyýazowyň alyp baran syýasaty sebäpli Türkmenistanda dörän ýagdaýy suratlandyrmakda orsýetli bir žurnalist Türkmenistan babatda “Absurdystan” diýen epiteti ulanypdy. Ýagny, ol Türkmenistany oýuňa getirip bolmajak masgaraçylyklaryň mekany diýip atlandyrypdy.

Eýsem, orsýetli žurnalist Türkmenistan babatda şeýle epiteti ulanmak bilen öte geçdimikä? Onuň öte geçendigini Türkmenistandaky hakyky ýagdaýlar subut etmeli bolsa, onda ýurduň içindäki häzirki ýagdaýlardyr wakalar muny subut edýär diýip, arkaýyn aýdyp bolarmy?

Azatlyk Radiosynyň websahypasyndaky forumda teswir ýazan okyjylaryň biri bu wakany daniýaly ýazyjy Kristian Anderseniň “Imperatoryň täze lybasy” atly meşhur hekaýasy bilen deňeýär. Şol hekaýada iki sany biçimçi diňe öz daşky görnüşi barada alada edýän imperatora täze görlüp-eşidilmedik lybas tikip bermegi wada berýärler we kim öz ornuna laýyk däl bolsa, samsyk ýa-da ukypsyz bolsa, olara şol eşigiň görünmejekdigini aýdýarlar.

Täze “lybasyny” imperatoryň özi hem görmeýär, emma özüne wezipesini başarmaýan adam hökmünde garalmagyndan çekinip, görýändigini aýdýar. Onuň emeldarlary hem bu lybasyň örän owadandygyny aýdyp, aldygyna öwýärler. Şeýdip, şol eşigi geýendirin öýdüp, imperator köpçülige çykýar. Adamlaryň hem hemmesi bu lybasy görensirän bolýarlar, owadandygyny aýdýarlar, el çarpyşýarlar. Birdenkä bir ýerden bir çagajyk çykyp: “Eýwaý, imperatoryň üstünde hiç hili eşik ýok ahyryn!” diýip gygyrýar. Şeýdip, hemmeleriň ýalan sözleýändiginiň üsti açylýar.

Žurnalist Ýazgulyýew bagşy Döwlet Amanlykowyň şol aýdymynyň iki ýyl mundan öň çykandygyny aýdyp, onuň sazynyň we sözleriniň zalda oturan adamlaryň köpüsi üçin, esasan hem talyplar üçin nätanyş däldigini, emma alnyp barylýan döwlet syýasaty sebäpli şol aýdymyň sözleriniň we sazynyň awtorynyň prezidentdigine “ynanan bolmaly we muňa guwanan bolmaly” bolýandyklaryny öňe sürýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG