Sepleriň elýeterliligi

Maksat – ýaşlary çykarmak


"Gün" neşirýatyny esaslandyryjy hem ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar

"Gün" neşirýatyny esaslandyryjy hem ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar

Ýakynda Şwesiýada hereket edýän "Gün" neşirýaty çeper eserler üçin täze edebi konkursyň şertlerini yglan etdi. Ýazyjy Hudaýberdi Hally şol meseleler bilen gyzyklanyp, "Gün" neşirýatyny esaslandyryjy hem ýazyjy Ak-Muhammet Welsapar bilen gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Ak-Muhammet, gürrüňi "Gün" neşirýatynyň nobatdaky yglan eden edebi konkursynyň şertlerinden başlasak gowy bolardy.

A. Welsapar: Elbetde. Biz bu ýylam, indi dördünji gezek, "Dogduk topragyň howandary" atly edebi konkursy yglan etdik. Bu edebi konkurs Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanýar.

H. Hally: Näme üçin siz bäsleşikde ýaş çäklendirmesini goýýaňyz? Ol konkurs ähli ýaşdakylar üçin açyk bolsa bolmaýarmy?

A. Welsapar: Elbetde, olam bolman durmazdy. Ýöne biziň maksadymyz ýaşlary orta çykarmak, ýaş ýazyjy-şahyrlara goldaw bermek, şolary ösüşe, kämillige höweslendirmek.

H. Hally: Bu maksat gowy. Ýaşlara ýardam berip bolsa, oňat zat. Sebäbi iň güýçli jandar bolan düýä-de "haýt!" diýmek medet berermiş. Ýöne, Ak-Muhammet, konkursyň yglan edilýän ýeri oňa gatnaşyjylardan gaty uzakda dälmi?

A. Welsapar: Eger kilometrläp ölçeseň onda ara uzak. Ýöne häzirki wagtda uzak diýen düşünjäň özem şertli zat. Sebäbi kompýuter, internet eýýamy uzagy ýakyn edýär. Bu konkursa gatnaşjak ýaşlar öz eserlerini elektron görnüşde "Gün" neşirýatynyň email adresine iberseler, ol dünýäniň islendik nokadyndan bize göz açyp-ýumasy salymdan gelip gowuşýar!

H. Hally: Ol aýdýanyň-a dogry. Biziň konkursa gatnaşýan döwürlerimizde, mundan çärýek asyr ozal, konkursa maşynkada arassa göçürilen iki nusgadaky golýazmany ibermelidi. Möhleti-de poçtanyň möhürinde goýlan sene bilen kesgitlener diýilýärdi.

A. Welsapar: Indi onuň ýaly däl. Edebi konkursa tekstler elektron görnüşde ýollanýar.

H. Hally: Şu konkursyň jemlerini sentýabr aýynyň aýagynda jemlemekden maksat näme?

A. Welsapar: Biz Türkmenistanyň garaşsyzlygyny bellemek isledik. Sebäbi garaşsyzlyk aslynda halkyňky. Halk oňa begenmeli, halk garaşsyzlygyň hözirini görmeli. Häzirlikçe halk ony doly duýup, görüp bilenok. Ýöne iru-giç Türkmenistanda-da ýagdaý düzeler, ýurt demokratik döwlet gurluşyna geçer.

H. Hally: Ak-Muhammet, biz "Gün" neşirýatynyň yglan eden konkursy baradaky gürrüňimizi dowam etdirýäris. Konkursyň jemlenýän wagtynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanmagy ýeňijiler üçin, "toýdan topukça" diýen gowy maksada eýerýän bolarly?

A. Welsapar: Elbetde, bu hut şeýle. Bular ýaly döredijilik konkurslary näçe köp bolsa, şonça gowy. Beýleki ýurtlarda şeýle. Zehinli adamlar diňe döwletiň berjek baýragyna garaşyp otursalar bolmaz. Dürli jemgyýetçilik birleşmeler-de, hususy adamlar-da dürli baýraklary döredip bilmeli. Orsýetde-de şeýle, beýleki ýurtlarda-da. Eger-de biz Şwesiýany alyp görsek, onda bary-ýogy 9 million ilatly bu ýurtda ýüzlerçe edebi baýraklar bar. Şolaryň köpüsi-de hususy adamlaryň döreden baýraklary. Türkmenistanda-da milli ylmy, edebiýaty, sungaty we beýleki ugurlary ösdürmek üçin öz halal gazanjyndan baýrak goýup, ýurduň ösmegine öz goşandyny goşjak adamlaryň bardygyna men ynanýaryn. Şolar ýaly ýagşy niýetli adamlaryň ýagşy işleri etmäge, özünden soň ýagşy at, görelde goýmaga mümkinçiligi hem haky bolmaly!

H. Hally: Ýene konkursyň şertlerine dolanyp gelsek, ýeňijilere baýraklar nähili gowşurylar?
Ýeňijilere pul baýragyndan daşgary diplom ýa başga bir nyşan gowşurylarmy?

A. Welsapar: Bu sorag ýerlikli. Ozalky bäsleşiklerde biz diňe pul baýraklaryny goýupdyk. Bu ýyl biz ýeňijilere "Gün" neşirýatynyň diplomlaryny-da gowşurmakçy.

H. Hally: Indi şu konkursdan maksat, onda seçilen gowy eserler türkmen halkynyň medeni durmuşyna azda-kände täsir edip biler diýen umydyňyz barmy?

A. Welsapar: Elbetde, bar. Şol umyt bolmasa, biz edebi bäsleşikleri geçirmezdik. Baýrak alan eserler "Gün" neşirýatynyň saýtynda çap edilýär, netijede ol eserler giň okyjylar köpçüligine elýeterli bolýar. Onsoň şowly eserleriň ýaş ýazyjylara öz täsirni ýetirmegi tebigy zat.

Edebi bäsleşikleri gurnamakdan biziň ýene bir maksadymyz – Türkmenistanda garaşsyzlyk döwründe diktaturanyň diýdimzorluk bilen ýok eden halypaçylyk hereketini gaýtadan janlandyrmak. Sebäbi edil ylymda-bilimde, sungatyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, edebiýatda-da öňden gelýän halypaçylyk hereketiniň köküne palta uruldy. Bu-da türkmen edebiýatynyň täze nesilleriniň ösüp ýetişmegine, kämilleşmegine zelel berýär. Hemme ugurda bolşy ýaly, edebiýatda-da öňden gelýän tejribe nesilden nesle geçirilmeli. Ol tejribäni, elbetde, gowy kitaplary okabam, özüňden öňküleň goýan edebi mirasyny ürç edip öwrenibem gazanyp bolar. Ýöne şonda-da kitaplar zehinli halypalaryň ornuny doly tutup bilmezmikä öýdýärin. Edebiýatda, sungatda, saz äleminde, ylymda, garaz, ähli ugurda-da, hakyky ýagşy niýetli halypaçylyk hereketi örän zerur zat.

H. Hally: Şeýle baýraklary döwlet döredip bilmezmi?

A. Welsapar: Döwlet döredip biler. Ýöne zehinli adamlar diňe döwletiň berjek baýragyna garaşyp oturmaly däl. Edebi baýraklar näçe köp bolsa, şonça gowy. Sebäbi zehin hemişe özüne üns berilmegine, bellenmegine mätäç. Hak söz, dogry pikir hökman höweslendirilmeli!

H. Hally: Şu aýdan gowy niýetleriň hasyl bolsun! Konkursa gatnaşjak ýaşlara üstünlik arzuw edýäris. Indi söhbetimiziň ahyrynda konkursa gatnaşjaklar üçin, "Gün" neşirýatynyň adresini ýene bir gezek ýatlatsaň gowy bolardy.

A. Welsapar: "Gün" neşirýatynyň Edebi bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky ýazyjylar öz proza hem poeziýa eserlerini ýollap bilerler. Biziň elektron adresimiz: gunesh.redaktor@gmail.com. "Gün" neşirýaty bu edebi bäsleşige gatnaşjak ýaşlara üstünlik arzuw edýär!
XS
SM
MD
LG