Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çaýkowskiniň "Guw kölüniň" ýaňy



Wideo: GKÇP mahalynda sowet merkezi telewideniýesiniň efirinde Pýotr Iliç Çaýkowskiniň "Guw köli" eseriniň baletiniň sazy ýaňlanypdy. Täjigistanda demokratiýa tarapdary reformatorlar herekete geçipdi, ýurduň prezidenti olaryň ýoluny böwetlemäge çalyşýardy.

Pýotr Iliç Çaýkowskiý özüniň "Guw köli" eseriniň 20 ýyl mundan ozal ýer planetasynyň gury ýeriniň 6-dan 1 bölegini tutan, SSSR atly döwletiň dünýäniň syýasy kartasyndan ýitip gitmegi bilen baglanyşdyrylar öýden hem däldir. Emma 1991-nji ýylyň awgust aýynda sowet merkezi telewideniýesiniň efirinde goýberilen bu baletiň sazy SSSR-iň soňky akkordlary bolup ýaňlandy.

1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda şol wagtky Sowet soýuzynyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň käbir ýolbaşçylary, sowet armiýasynyň we KGB-siniň ýolbaşçylary tarapyndan Adatdan daşary ýagdaý boýunça döwlet komiteti (GKÇP) döredilýär. GKÇP adyny alan ýokary wezipeli pitneçiler Üýtgedip gurmak syýasatynyň lideri, SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçýowy wezipesinden agdaryp, ýurdy öz ellerine almaga synanyşdylar.

GKÇP-den basylyp ýatyrylandan soň, SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçýow Moskwa gaýdyp gelýär, 1991-nji ýylyň 22-nji awgusty.
19-njy awgustda, ir sagat 6-da sowet köpçülikleýin habar beriş serişdeleri SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçýowyň “saglyk zerarly” öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändigini hem-de häkimiýet ygtyýarlyklarynyň GKÇP-ä geçýändigi barada habar ýaýradýarlar. Sowet telewideniýesiniň meýilleşdirilen ähli teleprogrammalary ýatyrylyp, olaryň ýerine Çaýkowskiniň “Guw köli” eseriniň telewizion ýazgysy görkezilýärdi. Şeýdip, kompozitoryň öňem meşhur balet eseri täze meşhurluga eýe boldy.

Beýik kompozitoryň sowet telewideniýesiniň efirinde ýaňlanan bu eseri soýuz respublikalarynyň ýolbaşçylaryna her hili täsir etdi. Olaryň käbirini bu eser üýtgedip gurmak döwründe özleriniň gazanan erkinlikleriniň tepbedi okalyp barýan ýaly kabul etdirip, BTR-e münüp, öz halkyny GKÇP-ä garşy göreşe çagyrmaga itergi beren bolsa, käbirini bukulmaga mejbur etdi.

Çaýkowskiniň “Guw kölüniň” ýaňy Türkmenistana hem ýetipdi. Şol döwürler "GKÇP" wagty sen nirede bolduň?" diýen sorag hem halkyň arasynda giň ýaýrapdy. Bu soraga jogap berlişine görä, adamyň GKÇP-ä bolan garaýşy hem-de GKÇP-niň şol adama täsir edişi kesgitlenýärdi.

Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümeti GKÇP barada öz garaýyşlaryny beýan edip çykyş etmedi. Respublikanyň ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazowyň şol günler nirede bolandygy hem näbelli. Bu barada dürli-dürli maglumatlar bar. Käbir maglumatlarda Nyýazowyň Türkmenistanyň Kompartiýasynyň merkezi komitetiniň gupbaly jaýyndan çykman oturandygy aýdylýan bolsa, başga bir maglumata görä, ol bir ýazyjynyň öýünde gizlenipdir. Hatda, şol ýazyjynyň öýüne Nyýazow üçin ýörite aragatnaşyk ulgamy hem çekilipdir.

Wakadan içgin habarly adamlaryň güwä geçmeklerine görä, 1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabadyň aeroportunda ýörite uçar uzyn günläp taýyn saklanylypdyr. Şol uçarda Saparmyrat Nyýazow Moskwa uçmaly eken. Ol GKÇP-niň hatarynda Moskwadaky metbugat konferensiýasyna resmi suratda gatnaşmaly edilipdir. Hatda S.Nyýazowyň şol metbugat konferensiýasynda pitneçileriň arasynda oturmaly ýeri hem bellenilipdir, ol Wasiliý Staradubsew bilen Aleksandr Tizýakowyň arasynda oturmaly eken.

Bu maglumatlary barlamak mümkinçiligi ýok. Ýöne Türkmenistanyň hökümetiniň GKÇP barada öz garaýşyny resmi taýdan yglan etmändigi anyk. Emma şol günler respublikanyň häkimiýetiniň garaşlygynda bolan gazetlerde GKÇP-niň kabul eden kararlary çap edilýärdi. Hatda, GKÇP-niň syndyrylanyna 1-2 gün geçensoňam respublikan gazetlerde Moskwanyň komendantynyň buýruklary çap edilipdi.

Saparmyrat Nyýazow GKÇP synansoň, diňe 24-nji awgustda halkyň arasyna çykýar. Ol Nadežda Krupskaýa adyndaky egirme-dokma fabriginiň işçileriniň öňünde çykyş edip, ýurtda berk tertip-düzgüniň bolmagyny talap edipdi.

Mitingi 27-nji awgustda, sagat 18.00-da Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda geçirýärler.
Şol günler köçelerde adam ýokdy. Käbir ýerlerde milisionerler, ýörite gulluklaryň adamlary görünýärdi. Iki adam bolup duşulmagy halanmaýardy. Ýöne, muňa garamazdan, respublikanyň oppozision güýçleri GKÇP hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň GKÇP babatynda dymmagyna öz garaýyşlaryny beýan etmek üçin miting geçirmäge taýýarlyk görüp başlapdylar. Mitingi 27-nji awgustda, sagat 18.00-da Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda geçirýärler. Mitingde rezolýusiýa kabul edilip, onda Nyýazowyň baştutanlygyndaky hökümetiň şeýle ýagdaýda öz wezipelerini berjaý edip bilmändigi we olaryň wezipelerinden gitmelidikleri delillendirilýärdi. Şol gün miting Türkmenistanyň ýokary sowetiniň öňünde dowam etdirilipdi hem-de şol ýerde açlyk yglan ediji protest piketi gurnalypdy. Şol gije hem-de ertesi günüň dowamynda mitingde çykyş edenler we mitingi gurnanlaryň barysy diýen ýaly hukuk goraýjy organlar tarapyndan tussag edilipdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny almakda uly rol oýnan bu waka barada türkmen häkimiýetleriniň resmi garaýyşlarynyň yglan edilmeýşi ýaly, GKÇP barada hem hiç hili taryhy kitaplar çap edilmedi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG