Sepleriň elýeterliligi

Kä wagt şeýle habarlary diňläp, haýran galýaryn — giň asmanda samolýotlar çakyşýarlar. Haýran galarlykly ýagdaý. Bu nämeden beýle bolýarka? Dünýe giň diýlip, arkaýynlyk edilýärmi, ýa-da ugur göni alynmaýarmy, belli däl.

Müň dokuz ýüz altmyşynjy ýyllarda Aşgabat şäherinde maşynlar juda az eken. Köçelerden kä wagt bir maşyn geçip gider eken. Şol seýrek geçýän maşyn hem adam kakýan eken.

Indi häzir Türkmenistanyň obalary şeýle ýagdaýy başdan geçirýär. Soňky döwürlerde obalarda-da ulag az däl. Adamlar gara gazanjyň ugrunda ýelkildäp, garaz maşyn hem edinýärler. Ýük maşynly, ýeňil maşynly, motorly öýler köpelýär. Şeýle-de bolsa, oba ýerleriniň maşyny edil şäher ýerleriniňki ýaly däl. Ýöne motorly hojalyklar maşynly hojalyklardan birneme artygrak bolýar.

Soňky döwürlerde obalara şahsy awtobuslardan birki sanysy ýolagçy gatnadýar. Hem-de taksiler gelip-gidýär.

Obalarda maşynlaryň azlygyndanmy-nämemi, obalylaryň aglabasy maşyny örän uly tizlik bilen sürýärler. Ýogsam bolmasa, obalarda şäheriňki ýaly ýalpyldap duran, tekiz asfalt ýollar hem ýok. Gyşyň palçykly günlerinde uly maşynlaryň tekerleriniň palçyga çümüp ýasaýan çukurly ýollary tomus günlerinde gatap galýar hem-de ýeňil maşynlar hut ýoldan däl-de, mellek ýerindäki joýalaryň içinden gidýän ýaly, loňkuldap-loňkuldap ýol geçýärler.

Oba köçeleriniň içinden geçeniňde, pružinde oturan ýaly, maşynyň içinde diňe böküp gitmeli bolýar. Munuň üstesine, ýaplar gazylanda köçä atylýan palçyklar hem tokga keseklere öwrülip, maşynlaryň arkaýyn geçmegine päsgelçilik döredýär. Gijelerine çyrasy ýanmaýan, garaňky köçeler, maşynlaryň tekerleriniň aşagyndan göterilýän tozanlar maşyn sürýän adamlara seresap bolmagy ýatladaýjak ýaly. Ýöne, maşyn sürýänleriň arasynda şeýle bir adamlar bar, olaryň aňy hakda näme diýip-näme aýtjagyňy bilmeýärsiň. Şeýle bir maşyn sürýärler, olaryň nädip deňiňe gelenini, deňiňden geçip gidenini duýman galýarsyň. Deňiňden hut metronyň elektriçkasy geçip giden ýaly.

Olar mydama awariýa edýärler, şol awariýalaryň netijesinde-de adam ölýär. Ýöne ýüze çykýan waka çalt sürýän beýleki sürüjini oýlandyrmaýar, gorkmaga mejbur etmeýär. Çalt sürýän beýleki sürüjiler hem diňe adam kakyp, türmä düşensoň, çalt sürmeli däldigine düşünýän bolsalar gerek. Hatda kä wagtda şol çalt sürýänler türmä düşüp gelensoň hem tertibe münmeýärler. Olaryň ikinji, üçünji sapar awariýa edip ýörenlerem bar.

«Betbagtçylykly ýagdaý»

Maşyn bilen kakyp, adam öldüren maşyn sürmekden baky mahrum ediläýjek ýaly, ýöne nämesindendir, belli däl, ençeme sapar awariýa eden adamlara ýene maşyn sürmek ynanylýar. Belki, olaryň bary «betbagtçylykly ýagdaý» diýlip hasaba alnandyr. Tötänden awariýa eden adamlar «betbagtçylykly ýagdaý» diýlip hasaba alynýar. Ýöne iki-üç sapar awariýa edenleriň eýýäm sürüjilige ukybynyň ýoklugy görnüp dursa-da, ýene olar haýsydyr bir ýol bilen sürüjilige hukugyny dikeldýärler. Belki, erkek kişilere sürüjilik esasy gazanç çeşmesi bolup galansoň, maşgala eklenjini bahanalap, ýalbaryp-ýakaryp, ýol alýandyrlar.

Oba ýerlerinde köp kişi (aýratyn-da motosiklet sürýänler) ýol hereketiniň düzgünleri boýunça-da sürmeýärler. Olar ulaglaryny ýoluň islän tarapyndan sürüberýärler. Obadan-oba gidilende, ýa-da obanyň içinde sürlende sürüjilik şahadatnamasy bolmadyklar hem, kämillik ýaşyna ýetmedikler hem maşyny sürýär. Obalylar köplenç maşyny içgili halda-da sürýärler. Sebäbi obalarda awtoinspektor bolmaýar. Awtoinspektorlar diňe şähere degişli köçelerde durýarlar. Şeýle bolansoň, obalylar köçede bir özleri bolansoň, aldygyna sürýärler, garşydan gelýän hem köçede bir özüdir öýdüp gelýär. Ýa-da gapdaldaky köçeden bir maşyn duýdansyz zompuldap çykýar. Onsoň, metro elektriçkasyna meňzäp gelýän iki sany maşyn şeýle bir çakyşýar welin, olaryň birinde-de diri adam galanok. Maşyn awariýalary sebäpli, maýyp-müjrip bolup, oba ýerlerinden şäher keselhanalaryna düşýänler hem örän kän.

Obalylar diňe bir öz obalarynda däl, eýsem, uly şäherlerde hem öz maşynlary bilen gelip, ýol hereketiniň düzgünlerini bozýarlar hem-de awariýa edýärler. Soňky döwürde işsizligiň artmagynyň netijesinde kireý etmek üçinem, ýa-da firmadyr şahsy dükanjyklarda işlemek üçinem ýurduň paýtagty Aşgabada bäş welaýatdan adamlar bosup geldiler. Olaryň köpüsi hem öz maşynlarynda kireý edýärler.

Paýtagtyň hiç bir ýerini bilmeseler-de, «Özüň ýol görkezersiň» diýip, ýolagçy gatnadyp, kireý edýärler. Maşynlaryň sag tarapyndan ozup geçýärler, swetaforlarda sary çyra ýanyp durka-da wazlap geçip gidýärler. Gyzyl çyra ýanmanka geçip ýetişmäge synanyşýarlar. Olar paýtagtda hem awariýa sebäp bolýarlar. Uzak ýoldan ýadap gelýän welaýatly sürüjileriň ukuly halda ýoluň gyrasyndaky bardýuri süsüp, maşynyny kül edip ýörenlerem bar, ýoluň gyrasynda duran maşyny urup, içinde oturan adamlaryň ömür tanapyny üzýänlerem.

Olara aşgabatlylaryň jany ýanýar. Şeýle bolmazça-da däl, obalardan gelen ulag eýeleri ýol hereketiniň düzgünine laýyk hereket bilen gidip barýan şäherlileriň bir sag tarapyndan, bir çep tarapyndan ozup, durmasyz ýerde durup, durmaly ýerde durman, gaharlaryny getirýärler.

Alaç ýok. Paýtagt hemmeleriň gelýän ýeri. Olara «Gelme» diýip bolmaýar. Ýöne olaryň çalt sürme kesellerine welin em gerek.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG