Sepleriň elýeterliligi

Sumbarda suw ýok


Şu ýylyň gurak gelip, Sumbar derýasynyň suwy boşap galdy.

Şu ýylyň gurak gelip, Sumbar derýasynyň suwy boşap galdy.

Türkmenistanyň gözel künjekleriniň biri bolan, özüniň subtropik miweleri, iň bir şirin enarlary, zeýtun agaçlary bilen ýurda belli bolan Magtymguly etrabynyň çäginden geçýän Sumbar derýasynyň suwy etrabyň ýaşaýjylary üçin gyzyla barabar. Ýylyň ýagynly gelen wagtlary derýada suw bolýar, ýylyň gurak gelen wagtlary bolsa derýa düýbüne çenli gurap galýar.

Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy Pälwan aga şu ýylyň hem gurak gelip, derýanyň suwunyň boşap galandygyny, derýanyň ugrunda kiçijik çeşmeleriň goşulýan ýerlerinde az-owlak suwuň bolýandygyny, munuň bolsa derýanyň akýan ugrunda ýerleşýän Aýdere, Gerkez ýaly obalaryň ýaşaýjylary üçin uly kynçylyklary döredýändigini gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, dag jülgelerinde bölekleýin mekan tutunyp, jülgelerde bag ýetişdirmek, ekin ekip, daglarda mal bakmak bilen meşgul bolýan ýerli ýaşaýjylaryň gün-güzeranlary ýykma-ýykylma diýen ýaly. Ýyl gurak gelende bakja ekinlerinden hasyl alyp bolmaýar. Jülgelerde bitýän miweli baglar hem geregiçe hasyl bermeýär.

Ol ilatyň güzeranynyň diňe ownuk mallara bagly bolup galýandygyny, mallary hem barmasy kyn bolan dag jülgelerinde, suwly çeşmelere golaý ýerlerde bakmaly bolýandygyny, munuň bolsa çopanlar üçin uly kynçylyklary döredýändigini aýdýar.



Etrabyň ýaşaýjylary dag jülgelerinden böwürslen, smarodina, nar, injir, hoz ýaly miweleri ýygnap, ýörite awtoulaglary kireýine tutup, Aşgabat, Balkanabat şäherlerine äkidip, miwedir bakja ekinlerini satyp gazanç edýärler. Pälwan aga gyş azygyňy tomus edinmeseň, bag-miweler sowlandan soň, gazanç etmäge hiç bir mümkinçiligiň ýokdugyny nygtaýar.

Etrap merkezindenem, dag jülgelerinde ýerleşýän kiçeňräk obalardan hem, işe ukyply adamlar, esasan hem ýaşlar Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy ýaly şäherlere iş gözlegine çykyp gidipdirler.

“Garaşsyzlyk ýyllary etrap merkezinde tikin fabrigi, aýakgap fabrigi guruldy. Emma ol fabrikler hojalyk hasaplaşygynda bolandan soň, öz-özüni zordan dolandyrýar. Önüm öndürmek üçin çig mal serişdesi gymmada düşýär. Önümi ýerleşdirmek hem kynçylyk döredýär. Ol ýerde işleýänleriň aýlyk-günlükleri pes bolandan soň, işe höwesekler hem az” diýip, Pälwan aga sözüniň üstüne goşdy.

Soňky ýyllar etrap merkezine döwlet tarapyndan üns berilýändigi birneme göze ilýär. Köçeler, jaýlar tertibe salnyp, söwda bazary, söwda dükanlary döwrebaplaşdyryldy. Etraba gelýän myhmanlaryň sany ýeterlik. Kim gulluk borjuny ýerine ýetirýän oglunyň yzyndan gelse, kim keramatly hasaplanýan ýerlere zyýarata gelýär. Gözellige syn etmäge keýpine gelýänler hem az däl.

Etrap merkezinden çykyp, daglaryň jümmüşine aralaşan her bir adamda dag gözelligi, dag howasy aýratyn ýakymly täsirler galdyrýar. Dag gerişleriniň durşy bilen agaçlara basyrylyp oturyşyny göreniňde, tebigatyň gudratyna, onuň döreden gözelligine haýran galýarsyň.

Pälwan aganyň pikiriçe, etrabyň çäginde syýahatçylygy ösdürip, ilaty iş bilen üpjün etse bolardy. “Ýurtda syýahatçylygy ösdürmek barada döwlet derejesinde kän gürrüň edilýär. Iş ýüzünde bolsa biziň etrabymyz ýaly syýahatçylary özüne çekip biljek, täsin ýerler barada unudylýana meňzeýär. Döwlet alada edip, etrabyň suw üpjünçiligini gowulandyrsa, ilatyň garyplyk derejesinden çykjagyna mende ynam bar” diýip, Pälwan aga nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG