Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda öňler diş keselleriniň ählisi üçin poliklinikalarda ýörite bölüm bolardy. Diş doktorynyň işi-de umumydy. Dişiň kanalyny plombalamagy-da, dişi bejermegi-de, sogurmagy-da, dişe koronka geýdirmegi-de bir doktor ýerine ýetirýärdi. Bu iş oba ýerlerinde, etraplarda häzirem şeýle.

Sowet soýuzynyň ýykyljak bolup, yraň atyp ugramazynyň öň ýanyndaky ýyllarda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde diş kesellerini bejerýän merkez açyldy. Şeýle merkeziň gerekdigi hakdaky inisiatiwany döwlet ýolbaşçylaryna ýetirip, soňy bilen agzalýan diş merkeziniň açylmagy üçin Aşgabat bilen Moskwa aralygynda «ylgan» doktoryň Nyýazowyň hökümeti tarapyndan yzarlanyp, ýurtdan çykarylan Pirimguly Taňrygulyýewdigi hakda adamlar ýatlaýarlar. (Diş merkezi gurlansoň, Pirimguly Taňrygulyýew bu merkeziň direktory bolupdy. Prezident Nyýazow tarapyndan ol işinden çetleşdirildi hem-de ýurtdan çykaryldy).

Diş merkeziniň açylmagy bilen, diş lukmanlarynyň işi ýöriteleşdirildi. Indi dişi sogurmak üçin aýratyn lukmanlar topary işleýär (hirurgiýa bölümi), dişi bejermek üçin aýratyn (bejeriji bölüm). Diş salmak üçin ortopediýa bölümi iş alyp barýar.

Bu merkezde Garaşsyzlyk ýyllaryndan öň dişler mugt bejerilýärdi. 1991-nji ýyldan başlap diş merkezinde ähli işleriň nagt hasaplaşyk boýunça alnyp barylýandygy hakdaky bildiriş dişi agyrýanlaryň ilkinji kabul edilýän ýerinde asylgy dur.

Nyrhlar

Häzirki günlerde dişi sogurtmak üçin on amerikan dollaryny tölemeli. Kanaly plombalamak, bejermek on bäş dollar. Koronka geýdirmek ýa-da diş oturtmak işi oturdyljak dişiň bahasyndan daşary on bäş, ýigrimi dollar. Dişleri durşuna proteze çalyşmaly bolanda iş 300-400 amerikan dollaryndan bärde bitenok. Medisina hyzmatlary üçin açylýan ätiýaçlandyryş (strahowaniýe) pasportlarynyň kömegi diş saldyrmakda gaty bir uly kömek bolanok, olaryň 30-40 prosent haýry bar.

Gyşda-da, tomusda-da diş merkezindäki nobatlar örän uly. Öňküräk döwürlerde diş bejertmek üçin ýaşy birneme geçen adamlar barardylar. Häzir welin merkeze barýanlaryň 70-80 prosenti diýen ýaly ýaşlar. Bu ýagdaýy lukmanlar ýaşlaryň buzgaýmagy köp iýýänligine, buz ýaly gazly suwlary köp içýänligine syrykdyrýarlar. Dişleriniň kökleri sowuklap, iriňläp gelýän ýaşlar örän köp.

Ýaş lukmanlaryň arasynda öz işine örän ökdeleri köp. Ýöne olaryň öwgüsini ýetirip, halkyň arasynda propagandirlemek üçin şäher saglygy saklaýyş bölüminden rugsat almaly. Işine ökde lukman ýedi arkasy «arassa» kişilerden bolsa, ony öwmäge rugsat berýärler, eger ýedi arkasynda «hapalanan» adamlar bar bolsa, lukman işine hernäçe ökde bolubersin, ony öwmeg-ä beýlede dursun, onuň «üstüniň açylmagy» mundan bu ýana lukmanyň işlemegi üçin gorky bolup durýar. Şonuň üçin lukmanlar özleriniň baryny propagandirletmänräk işlänlerini gowy görýärler.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG