Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muammar Kaddafiniň harbylary boýun egdiler


Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini we ýurduň paýtagty Tripolini goramaly harbylar boýun egdiler diýip, Milli geçiş geňeşiniň maglumat ministri Mahmut Şammam “Associated Press” agentligine aýtdy.

Paýtagt Tripoliniň merkezindäki Ýaşyl meýdanda Milli geçiş geňeşiniň baýdagy pasyrdaýar. Käbir ýerde Kaddafiniň tarapdarlary garşylyk görkezseler-de, paýtagt gozgalaňçylaryň kontrollygynda.

Ministriň sözlerine görä, goşun bölümleriniň serkerdesi gozgalaňçylaryň tarapyna geçip, öz esgerlerine ýaragy taşlamak barada buýruk beripdir.

Ýekşenbe güni Tripolide bolan metbugat konferensiýasynda Liwiýa hökümetiniň wekili Mussa Ibragim gozgalaňçylary göni goldamakda NATO-ny aýyplady.

“NATO Tripolini we onuň eteklerini bombalamagy çaltlandyrdy. Şu göni we yzygiderli goldaw netijesinde gozgalaňçylar beýik milletiň parahat paýtagtyna girdi” diýip, Mussa Ibragim aýtdy.

Ibragim iki tarapdan 1,300 töweregi adamyň ölendigini habar berdi. Gozgalaňçylar ölenleriň ýüzlerçedigini aýtsalar-da, anyk san bermeýärler.

Tripoli gozgalaňçylaryň gözegçiliginde
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:34 0:00


Bazar güni agşam Kaddafi soňky gije-gündizde ikinji gezek halka ýüzlenme bilen çykyş edip, olary “öz nebiti we öz topragy üçin” ýaraglanmaga, şäheri “kolonializmiň agentlerinden” arassalamaga çagyrdy.

Liwiýaly gozgalaňçylar Muammar Kaddafiniň iki ogluny - uly ogly Muhammedi we atasynyň ornuny eýelär diýilýän Seýf al-Islamy ele saldylar diýip, Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Adel Jalil “Al-Jazeera” telekanalyna habar berdi.

Suduň öňünde jogap bermegi üçin Seýf al-Islama aýawly çemeleşiljekdigini ol sözüniň üstüne goşdy.

Seýf al-Islamyň ele salnandygyny Halkara jenaýat sudunyň wekili hem tassyklady. Sud ony harby jenaýatlarda aýyplaýar.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama: “Liwiýada Muammar Kaddafiniň režimi çagşamagyň gyrasynda dur” diýdi we mundan beýläk boljak gandöküşlikden gaçmak üçin ony häkimiýetden çekilmäge çagyrdy.

Ýekşenbe güni gije ýaýradylan Obamanyň beýannamasynda Liwiýa halkynyň hukuklaryny goramagyň, bu ýurtda gysga wagtda demokratiýa geçmegiň hatyrasyna ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen bilelikde hereket etjekdigi bellenýär.

Dokumentde liwiýaly gozgalaňçylar tarapyndan döredilen Milli geçiş geňeşi bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlyga taýýardydygy hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG