Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa ÝB-ni 109 milliard ýewro bermäge çagyrdy


Gresiýanyň maliýe ministri Ewangelos Wenizelos Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryny Gresiýa 109 milliard ýewro bermek barada iýul aýynda gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Ýewropanyň Merkezi bankynyň baştutany Žan-Klod Trişe, ÝB-niň maliýe edarasynyň ýolbaşçysy Olli Rene, ýewro ýurtlarynyň maliýe ministrlerine Wenizelosyň ýollan hatyndan bölekler bazar güni ýaýradyldy.

Kreditiň kepillendirilýändigi barada Gresiýa bilen Finlýandiýanyň arasynda aýratyn ylalaşyga gelnensoň, Gresiýadan şeýle kepilnama almak islegi Niderlandlarda, Sloweniýada, Awstriýada we Slowakiýada döredi. Şol islegem Gresiýanyň ÝB-e ýüzlenmegine sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG