Sepleriň elýeterliligi

Gazadaky palestin toparlary atyşygy bes etmäge taýýar


Gaza sektorynda hereket edýän palestin toparlary Ysraýyl bilen ok atyşygy bes etmäge taýýar diýip, ýekşenbe güni agşam HAMAS palestin hereketiniň wekili aýtdy.

HAMAS bilen Ysraýylyň arasynda gepleşikler Müsüriň ýolbaşçylarynyň araçylyk etmeginde geçirildi.

Gaza sektoryndaky toparlar tarapyndan ylalaşygyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi HAMAS-yň howpsuzlyk güýçleri öz üstüne aldylar.

Şol bir wagtda-da 18-nji awgustdaky terakt üçin jogapkär toparyň - “Halk garşylyk görkeziş komitetiniň” metbugat sekretary palestin agentligine “Sionistik duşman bilen urşy bes etmek barada” hiç bir borç öz üstüne almaýandygyny aýtdy.

Ok atyşy bes etmek barada beýannama ýaýradylandan ýarym sagat geçenden soň Gaza sektoryndan Aşdoda we Aşkelona üç raketa atyldy.
XS
SM
MD
LG