Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýanyň paýtagtynda ýas çäresi geçirildi


Norwegiýanyň paýtagty Osloda aşa sagçy ekstremist Anders Breýwigiň amala aşyran goşa terroristik aktynda heläk bolan 77 adamyň hatyrasyna ýekşenbe güni ýas dabarasy geçirildi.

“Spektrum” sport-konsert toplumynda geçirilen ýas çäresine heläk bolanlaryň hossarlary, şol wakada diri galanlar, Norwegiýanyň patyşasy Harald bäşinji, Norwegiýanyň premýer-ministri Ýens Stoltenberg, skandinawiýa ýurtlarynyň ministrleri, syýasy hem jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdy.

Bu çäreden öň, heläk bolanlaryň hossarlary we dostlary Utoeýa adasyna bardylar. Bu ýerde ýerleşýän sosial-demokrat ýaşlaryň tomusky lagerinde Anders Breýwik 69 adamy atyp öldüripdi.
XS
SM
MD
LG