Sepleriň elýeterliligi

Matwiýenko sesleriň 97% gowragyny alypdyr


Anyklanan maglumatlara görä, ýekşenbe güni geçirilen munisipal saýlawlarda Sankt-Peterburgyň gubernatory Walentina Matwiýenko sesleriň 97% gowragyny alypdyr.

Deslapky netijeler jemlenenden soň geçirilen brifingde Matwiýenko duşenbe güni gubernatorlyk wezipeden çekilýändigi barasynda arza ýazjakdygyny aýtdy.

Ýerli saýlawlar Matwiýenko Federasiýa Geňeşine girmäge mümkinçilik berdi.

Matwiýenko Orsýetiň parlamentiniň Ýokarky öýüne ýolbaşçylygy prezident Dmitriý Medwedew teklip edipdi.
XS
SM
MD
LG