Sepleriň elýeterliligi

Polşada kiçi motorly iki uçar betbagtçylyga uçrady


Ýekşenbe güni Polşanyň günortasynda kiçi motorly iki uçaryň ýere gaçmagyndan 6 adam heläk boldy.

Polýak polisiýasynyň maglumatyna görä, Krakowyň eteginde uly bolmadyk bir uçar hususy ýaşaýyş jaýyň üstüne gaçypdyr. Pilot we uçardaky üç çaga heläk boldy. Ýerde hiç kime zeper etmedi.

Şol gün Ukraina bilen serhetdäki Ustrižiki-Dolne etrabynda başga bir kiçi uçar betbagtçylyga uçrady. Bu uçardaky pilot we ýeke-täk ýolagçy öldi.
XS
SM
MD
LG