Sepleriň elýeterliligi

Kaddafi synýar


Paýtagta giren gozgalaňçy güýçleri adamlar şatlyk bilen garşy aldylar, 22-nji awgust.

Paýtagta giren gozgalaňçy güýçleri adamlar şatlyk bilen garşy aldylar, 22-nji awgust.

Dünýä liderleri Muammar Kaddafini häkimiýet başyndan çekilmäge çagyrýarlar. Ony agdarmaga synanyşýan gozgalaňçylar bolsa Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň uly bölegine kontrollygyň öz ellerindedigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni agşam paýtagta giren gozgalaňçy güýçleri adamlar şatlyk bilen garşy aldylar. Olar Kaddafiniň 42 ýyllyk hökümdarlygy indi soňlanar diýip, umyt edýärler.



Amerikan prezidenti Barak Obama söweşiň aýgytly nokada ýetendigini belläp: “Ýurt zalym hökümdaryň gysajyndan sypyp gelýär” diýdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň býurosy hem: “Kaddafiniň soňunyň golaýlandygy belli” diýip, halk mundan artyk ejir çekmez ýaly Kaddafini häkimiýet başyndan aýrylmaga çagyrdy.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini: “Kaddafiniň möwriti ötdi. Ol indi Halkara Jenaýat suduna tarap ýola düşmeli” diýdi. Häzir Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýän Polşa hem Kaddafiniň hökümdarlygynyň soňlanmagyny gutlaýandygyny aýtdy.

Bombalamak ugrunda gozgalaňçylary goldap gelen NATO Kaddafiniň hökümdarlygynyň çagşap gelýändigini belläp, Liwiýa halkyna öz hyzmatdaşlygyny hödürledi. Ýaranlygyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini geçişiň arassa bolmagyny, onuň hemmeler degişli bolmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

Rasmussen: “Geljek barlyşyga esaslanmaly, adam hukuklary hormatlanmaly” diýdi. “Indi täze Liwiýany, gorka däl-de, erkinlige, diktatura däl-de, demokratiýa, sanlyja adamyň islegine däl-de, köpüň islegine daýanýan bir döwleti gurmaga wagt boldy. Geçiş parahatçylykly bolmaly. Ol şu wagt gelmeli. Oňa ýolbaşçylyk edýän, ony kesgitleýän Liwiýa halky bolmaly”.

Kaddafiniň nirededigi belli däl

Londonda Liwiýanyň ilçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Mahmud Nakua žurnalistlere gozgalaňçylaryň Tripoliniň hem-de ýurduň 95 prosentine kontrollyk edýändiklerini aýtdy. Ýöne ol: “Öňümizdäki günlerde gozgalaňçylar gaýtawul bilen ýüzbe-ýüz bolarlar” diýdi.

Muammar Kaddafi
Duşenbe güni ir bilen paýtagtyň merkezinde Kaddafiniň köşgüniň golaýynda güýçli atyşyklaryň bolandygy habar berildi. Aýdylyşyna görä, şäheriň günorta böleginde hem atyşyklar bolupdyr.

Nakua gozgalaňçylaryň Milli geçiş geňeşiniň demokratiýa we adam hukuklaryny hormatlamak barada beren wadasyny gaýtalady. “Biz bir demokratik ýurt gurmaga sabyrsyzlyk bilen garaşyp begenýäris. Biziň baş kanunymyz bolar. Ýurduň ähli ýerinde, her bir işde erkinlik bolar” diýip, Nakua aýtdy.

Ýekşenbe güni döwlet telekanalyndan berlen bir audio ýazgyda Kaddafi özüniň soňuna çenli galjakdygyny aýdyp, tarapdarlaryny gelip, Tripolini “halas etmäge” çagyrdy.

Halkara Jenýat sudy Kaddafiniň ogly Saif al-Islamyň tutulandygy hakdaky habary tassyklaýan maglumatyň özüne gelip gowşandygyny bildiripdi. Saif al-Islam hem kakasy bilen birlikde adamzadyň garşysyna jenaýat edenlikde aýyplanýar.

Emma Saif al-Islamyň tussag edilendigi ýalan bolup çykdy. 23-nji awgusta geçilen gije Saif al-Islam özüniň azatdygyny subut etmek üçin Tripoli myhmanhanasyna baryp, ol ýerdäki daşary ýurtly žurnalistlere göründi.

Kaddafiniň beýleki ogly, Mohammed Kaddafi “Al-Jazeera” telekanalyna beren interwýusynda gozgalaňçylaryň özüni öý tussaglygynda saklaýandygyny tassyklapdy, emma ol gaçmagy başarypdyr. Mohammed Kaddafi telefon arkaly interwiýu berip durka, daşardan atyşyklaryň sesi eşidilýärdi.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG