Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň kansleri Merkel Balkana sapar edýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Balkan ýurtlaryna edýän iki günlük saparynyň çäginde Horwatiýa bardy. Bu ýerde ol horwat liderleri bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Resmileriň beren maglumatlaryna göra, bu gepleşikler Horwatiýanyň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak meýline bagyşlanypdyr. Horwatiýanyň ÝB-niň agzalygyna kabul edilmegi 2013-nji ýyla planlaşdyrylan.

Merkeliň Horwatiýada Ýewropa ýurtlarynda ýüze çykan bergi krizisi barada hem gürrüň edýändigi aýdylýar.

Germaniýanyň kansleri 23-nji awgustda Serbiýa resmi sapar bilen baryp, Kosowa bilen bagly dörän dartgynly ýagdaý barada gepleşik geçirmegi göz öňünde tutýar.

Serbiýa Kosowanyň 2008-nji ýylda yglan eden garaşsyzlygyny ykrar etmän gelýär.
XS
SM
MD
LG