Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda 15 müň adama amnistiýa yglan edildi


Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap, amnistiýa baradaky karara gol çekdi. Bu karar geçen hepde täjik parlamentiniň Aşaky öýi tarapyndan tassyklandy.

Amnistiýanyň 15 müň adama degişlidigi habar berilýär.

Şu gezekki amnistiýa sanawyna ýurduň taryhynda ilkinji gezek 1997-98 ýyllarda ýaragly gozgalaňlara gatnaşan adamlaryň we bikanun dini-jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň hem düşendikleri aýdylýar.
XS
SM
MD
LG