Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň režiminiň telewideniýesi öz işini bes etdi


Liwiýaly gozgalaňçylar ýurduň milli telewideniýesini basyp aldylar. Olar paýtagt Tripoliniň köp raýonlaryna gözegçilik edýändiklerini aýdýarlar.

Kaddafiniň režiminiň metbugat wekili Musa Ibragim Tripolide 65 müň esgeriň Kaddafiniň goragy ugrunda söweşýändigini aýtdy.

Kaddafi özüni goldaýan tire-taýpalary protestçilere garşy söweşmäge çagyrdy.

Ýewropa Komissiýasynyň metbugat wekili Oliwer Beýli Ýewropanyň liderleriniň Kaddafini eglenmezden wezipesinden çekilmäge çagyrýandyklaryny aýtdy.

“Mundan beýläk gandöküşligi bes etmeli. Häzir Liwiýa üçin azatlyga tarap ýol açylýar. Bu ýurt öz ykbalyny özi kesgitläp biler” diýip, Beýli çykyş etdi.

Ýewropa Komissiýasy Liwiýada demokratik özgertmeleri amala aşyrmakda ÝB-niň bu ýurduň halkyna ýardam berjekdigini hem mälim etdi.

Kaddafiniň nirededigi henize çenli anyklanmady.
XS
SM
MD
LG