Sepleriň elýeterliligi

"Arkadaga" garaşylýar


Prezident, adatça, 1-nji sentýabr güni has ulurak binalaryň açylyşyna gatnaşýar.

Prezident, adatça, 1-nji sentýabr güni has ulurak binalaryň açylyşyna gatnaşýar.

Aşgabat şäher baş bilim müdirligi 1-nji sentýabrda paýtagtda açylmaly täze mekdebiň dabarasyna uludan taýynlyk görýär. Şol gün ýurtda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli açylmaly bu täze tipli mekdebiň dabarasyna ýurduň prezidentiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Heniz, Bilimler gününe ýarym aý çemesi wagt barka, tomus kanikulynda dynç alyp ýören paýtagtyň ähli mekdepleriniň okuwçylary okaýan ýerlerine çagyryldylar. Olaryň içinden uzyn boýly, gelşikli, owadan oglanlar-gyzlar saýlanyp, baş bilim müdirliginiň hünärmenleriniň gözden geçirilişine ugradyldy.

Bilim müdirliginiň hünärmenleri täze açyljak mekdebiň klaslaryny doldurmak üçin paýtagtyň beýleki mekdeplerinden saýlanyp-saýlanyp getirilen okuwçylary elekden geçirip, gaýtadan saýladylar. Olaryň içinde 1-nji klasdan tä 10-njy klasa çenli okuwçylar bar. Ýörite klaslar boýunça bölünen okuwçylara mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşjak prezidentiň öňünde çykyş etmek üçin dürli goşgujyklar, sahnajyklar öwredilýär.

Täze açyljak mekdebe diňe okuwçylar däl, eýsem paýtagtyň mekdeplerinden mugallymlar hem saýlanylyp alyndy. Saýlanyp alnan mugallymlaryň köpüsi ýaş gelin-gyzlar. Olar bir topar mekdepden ýygnanan okuwçylar bilen, hamala öňden okadyp ýören okuwçylary hökmünde görkezme sapagyny gurnamaly.

Özüniň gatnaşany kem görlenok

Entek ştat birligi hem düzülip taýyn edilmedik mekdebe kanikulda gezip ýören okuwçylary, zähmet rugsadynda gezip ýören mugallymlary ir ertirden agşama çenli ýarym aýlap gatnadyp, prezident üçin taýynlanan şou-konsertiň azabynyň ýerine düşmeýän wagtlary hem bolýar. Prezident, adatça, 1-nji sentýabr güni has ulurak binalaryň açylyşyna gatnaşýar.

Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 600 orunlyk mekdebiň açylyş dabarasy hem gaty uludan tutulypdy. Emma prezident bu mekdebiň açylyşyna barman, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň açylyşyna gatnaşypdy.

Prezidentiň gelmäni bilen mekdebiň açylyş dabarasy ýatyrylanok. Adatça, şeýle ýagdaýda dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ýa-da bilim ministri gatnaşýar. Çagalar, mugallymlar ýarym aýlap öwrenen çykyşlaryny Mejlisiň başlygynyň ýa-da bilim ministriniň öňünde ýerine ýetirýärler. Emma ol çykyşlar absurda öwrülýär. Sebäbi okuwçylar iki elini uzadyp, Mejlisiň başlygyna, bilim ministrine "Arkadagym" diýip ýüzlenmeli bolýarlar.

Iki hepdeläp gaýtalanyp gelinýän ssenarini ýarym günde üýtgetmekden saklanýarlar. Şonuň üçin çykyşlar absurd halda bolsa-da, öňküligine galdyrylýar. Şol sebäpden azap bilen taýýarlanan dabara ýurduň prezidentiniň, dabarany gurnaýjylaryň sözleri bilen aýdanyňda, türkmeniň "Arkadagynyň" hut özüniň gatnaşany kem görlenok.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG