Sepleriň elýeterliligi

Biz aram-aram daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň özleriniň ata Watanlary Türkmenistany küýseýändiklerini, eger Türkmenistan hökümetinden rugsat bolsa, olaryň öz ata ýurtlaryna göçüp gelmek isleýändiklerini eşidýäris.

Şeýle habarlardan soň beýnide «Türkmenistan dünýä ýüzündäki türkmenleri öz gujagyna ýygnap bilermi?» diýen sowal döreýär.

Dünýä türkmenlerini (elbetde, olaryň Türkmenistana gelmäge höweseklerini) Türkmenistana ýygnamak üçin ilkinji nobatda ýaşamaga ýer meselesini, olary ekläp-saklamak üçin ykdysady taraplary, şeýle hem bir ýurduň raýatlary bolup ýaşap ýören adamlary ikinji bir ýurda getirmegiň syýasy taraplaryny ölçerip-dökmeli.

Arada «Altyn asyr» atly täze jygyllygy synlamak üçin çölüň içi bilen ençeme kilometr ýol geçip gelmegim meni ýene bir sapar daşary ýurtlarda ýaşap ýören türkmenleri Türkmenistana getirip boljak-bolmajakdygy baradaky meselä dolanmaga mejbur etdi.

Täze jygyllyk bazarynyň töweregine ekilen arçalar eýýäm gök salyp otyr. Elbetde, häzirlikçe ol ýere kanal suwy baranok, ýöne maşyn bilen suwarylýar. Jygyllyga ýetmezden öň Garaşsyzlyk ýyllarynda çölüň içinde dörän «Çoganly» posýologynyň üstünden geçip gitmeli. «Çoganly» posýology bolsa çölüň çägeleriniň içinde döränligine seretmezden, gür baglyga bürenip otyr. Bu posýolokda üzüm agajy-da gögerýär, tut, arça, derek, hatda ekilýän bakja ekinleri-de gögerýär.

Bu zatlar nämeden habar berýär? Bu zatlar, eger suw tapyp bolsa, Garagum çölüniň ähli ýerinde ýaşap boljagyndan, obalary, posýoloklary, şäherleri döredip boljagyndan habar berýär. Garagum çöli bolsa şeýle giň, ol dünýädäki iň uly çölleriň biri. Garagum çölüniň öz goýnunda bitýän çöl ösümlikleri hem bu çölde arkaýyn ýaşap boljagyndan habar berýär. Ine, dünýä türkmenleri üçin ýer meselesini şu çölüň hasabyna-da çözübermeli. Suw meselesini kanal bilen çözüp bolmasa-da, Garagumuň goýnunda ençeme süýji suwly guýularyň bolýanyny bu çölde ýaşap görenler bilýändir. Süýji suwly guýulardan her hili suw çykaryjy tehnikalar bilen suw üpjünçiligini ýola goýup bolar.

Çölde ýaşajaklar elbetde, gök-bakja ekinlerini ýa-da pagta ekip gün görmezler. Olara maldarçylyk hojalyklaryny döretdirmeli bolar. Çölde mal üçin ot köp. Maldarçylyk hojalyklarynyň dörän ýerinde ýüň egirme-dokma zawodlaryny, haly fabriklerini-de gurup bolar, et-süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary-da gurup bolar. (Dogrusyny aýtsaň, çöldäki takyrlarda düme ekinlerini ekip, gawun-garpyzlar ýetişdirýänler-de bar.)

Edara-kärhanalaryň döreýän ýerinde çagalar baglarynyň, mekdepleriň dörejekdigi-de köre hasa. Ýuwaş-ýuwaşdan şeýdip, çölde şäherlerem döräp biler.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG