Sepleriň elýeterliligi

Sud Straus-Kan bilen bagly karar çykarar


Duşenbe güni Nýu-Ýorkda prokuror Halkara pul gaznasynyň öňki başlygy Dominik Straus-Kandan myhmanhana hyzmatçysyny zorlamak boýunça aýyplamany aýyrmagy suddan haýyş etdi.

Aýyplaw diňe hyzmatçy Nafissatu Diallonyň görkezmelerine esaslanýar, ol suwa düşülýän otagdan ýalaňaç çykan Straus-Kanyň özüni jynsy gatnaşyga mejbur edendigini tassyklaýar.

Prokuratura şol aýalyň düşündirişlerinde gapma-garşylyklary, şeýle-de girdejisi baradaky deklarasiýasynda maglumatlaryň we immigrasiýa dokumentleriniň dogry däldigini ýüze çykardy.

Straus-Kanyň aklawçylary Halkara pul gaznasynyň öňki başlygy bilen myhmanhana hyzmatçysynyň arasyndaky gatnaşygyň iki tarapyň ylalaşygy esasynda bolandygyna başdan aýak diräp gelýär.

Suduň karary sişenbe güni çykararyna garaşylýar. Eger bildirilýän günä aýrylsa, Straus-Kan Fransiýa dolanyp biler.
XS
SM
MD
LG