Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň harby prokuraturasy iki ofisere günä bildirdi


Polşanyň harby prokuraturasy geçen ýyl prezident Leh Kaçinskiniň ölümine sebäp bolan uçar betbagtçylygy bilen bagly iki ofisere işine sowuk-sala garamakda günä bildirdi.

Prokuraturanyň wekiliniň sözlerine görä, ady tutulmaýan Polşanyň harby awiasiýasynyň iki ofiserine 3 ýyl türme tussaglygy berlip bilner. Ofiserler öz günälerini boýun almaýarlar.

2010-njy ýylyň aprelinde Smolenskiniň eteginde polýak prezidentiniň uçary heläkçilige uçranda, Leh Kaçinskiý aýaly bilen, ýene 94 adam, şol sanda ýurduň Merkezi bankynyň baştutany, ýokary derejeli harbylar ölüpdi.
XS
SM
MD
LG