Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede wise-admiral we iki polkownik tussag edildi


Türkiýede sud döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak maksady bilen edilen dildüwşügiň derňewiniň çäklerinde wise-admiraly we iki polkownigi tussag etmäge duşenbe güni rugsat berdi.

“Anadoly” agentliginiň beren habaryna görä, wise-admiral Deniz Kora duşenbe güni tussag edilip, flotuň ýolbaşçylaryny öldürmegi planlaşdyran jenaýatçy topar bilen aragatnaşykda bolmak aýyplamasy boýunça sud prosesine garaşýar.

Iki polkownik beýleki bir düldüwşüge gatnaşykda – 2003-nji ýylda hökümeti agdarmaga synanyşykda aýyplanyp saklandy. Şu waka gatnaşygy bilen bagly operasiýada goşun generallarynyň ondan biri eýýäm tussag edildi.

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky “Adalat we galkynyş” partiýasy 2002-nji ýylda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan badyna düldüwşügiň peýda bolandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG