Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkony azat etmek baradaky haýyş ret edildi


Kiýewde sud Ukrainanyň öňki hökümet başlygy Ýuliýa Timoşenkony tussaglykdan boşatmak baradaky haýyşy dokuzynjy gezek ret etdi.

Timoşenko Orsyet bilen gaz kontraktyny baglaşanda wezipe ygtyýarlygynyň çäginden çykmakda aýyplanýar.

Sudýa Radion Kireýew: “Timoşenko sudy masgaralamagy dowam etdirýär we prosese başlyklyk edijiniň belliklerine reaksiýa bildirmeýär” diýip, bu gelen kararyny delillendirdi.

Suda hormatsyzlygy üçin Timoşenko 5-nji awgustda tussag edildi. Şol günden bäri Ukrainanyň öňki premýer-ministriniň tarapdarlary we garşydaşlary Kiýewiň Peçerskiý sudunyň jaýynyň öňünde protest aksiýasyny geçirýärler.
XS
SM
MD
LG