Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Orsýete sapar edýär


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir bronlanan otluda Orsýete resmi saparyny amala aşyrýar. Ol sişenbe güni irden Burýatystanyň paýtagty Ulan-Udä geldi.

Onuň bu respublika iki günlük syýahatanyň programmasy gizlin saklanýar. Resmi däl maglumatlara görä, Kim Çen Ir Ulan-Udeniň senagat kärhanalaryna we Baýkal kölüne baryp görer.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň Orsýete sapary şenbe güni başlandy. Saparyň iň ýokary nokady prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşygy bolar.

2001-nji ýylda-da Demirgazyk Koreýanyň baştutany şol wagtky prezident Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirmek üçin otluda Orsýetiň serhedini kesipdi.
XS
SM
MD
LG