Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň kansleri Balkan ýurtlaryna sapar edýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Balkanlara iki günlük saparynyň gidişinde regionyň döwletleriniň Ýewropa Bileleşigine girmeginiň möhletine maliýe krizisiniň täsir ýetirmejekdigini aýtdy.

Merkel 2013-nji ýylda ÝB-e girmeli Horwatiýanyň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda bu ýurduň regionyň beýleki döwletleri üçin görelde bolup biljekdigini belledi.

Sişenbe güni Angela Merkel Serbiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşýar. Bu sapar ÝB-niň araçylyk etmeginde Serbiýa bilen Kosowanyň arasynda gepleşikleriň başlanmagynyň öňýany amala aşyrylýar.

Golaýda iki ýurduň serhedinde bolan çaknyşyga garamazdan, gepleşikleriň 2-nji sentýabrda başlanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG