Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow elektrik üpjünçiliginiň ýagdaýyndan nägile


Türkmenistanyň prezidenti 22-nji awgustda wideo arkaly geçiren iş maslahatynda ozaly bilen hasabat bermäge energetika we senagat ministri Ý. Orazgulyýewi çagyryp, onuň hasabatyny diňländen soň, türkmenistanlylary üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmek meselesini hemişe gözegçilikde saklamaga görkezme berip, bu işiň gurnalyşynyň depgininiň pesdigine nägilelik bildirdi diýip, TDH gullugy ýazýar.

Ondan soň Türkmenistanyň suw hojalyk ministri A. Ýazmyradow oba hojalyk hajatlary üçin we halky arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barasynda hasabat berdi.

Wideomaslahatda Türkmenistanyň prezidenti Gadyr gijesine gabatlap, yglan ediljek günä geçişlige degişli organlaryň bilelikde jogapkärçilikli çemeleşmegi üçin görkezme berdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG