Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň geljegi nähili bolar?



Eýforiýadan soň rewolýusiýa melullygy döreýär.

Diktator gidenden soň, Liwiýanyň garym-gatym oppozisiýasy Muammar Kaddafiden soňra özüniň syýasy taýdan akyl-paýhasly hereket etmäge çagyryljakdygyny bilýändir.

NATO-nyň kömek edendigine garamazdan, belki-de edil şol kömek sebäpli, gozgalaňçylaryň Milli geçiş geňeşiniň (NTC) ýurdy dolandyrmaga ýeterlik güýje eýedigine Günbataryň şübheli garajakdygy belli zat.

Milli geçiş geňeşi 32 döwlet tarapyndan Liwiýanyň ýeke-täk kanuny wekili diýlip ykrar edilse-de, henizem kabinetsiz. Öňki kabineti Geňeşiň başlygy Mustafa Abdul Jelil 8-nji awgustda dargatdy.

Geňeş dürli toparlara bölünip, özara oňuşmaýanlykda tankytlanýar. Bu tankyda sebäp bolýan ýene bir zat-da onuň iýul aýynda öldürilen gozgalaňçylaryň goşunbaşysy Abdul Fatah Ýunusyň ölümi barada barlag alyp barmagy başarmanlygy. Ýunusyň öldürilmeginde Jeliliň aralyk hökümetiniň eliniň bolandygy mümkin diýip, şübhe edilýär.

Oppozision güýçler agzybir bolaýanda-da, 42 ýyllyk döwür içinde Kaddafiniň hökümdarlygy berk kök urup, onuň özi döwlete öwrülen bir ýurtda demokratiýanyň geljegi ýagty bolup bilermi?

Londonda Liwiýanyň ilçisi wezipesini ýerine ýetirýän Mahmud Nakua duşenbe güni žurnalistlere ýüzlenende şu soraglar barada oýlanan bolsa gerek. Ol demokratiýany we erkinligi wada etdi. “Biz demokratik ýurt gurmaga sabyrsyzlyk bilen garaşyp, begenýäris. Biziň Baş kanunymyz bolar. Ýurduň her bir ýerinde, her bir işde erkinlik bolar” diýip, Nakua aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen hem Milli geçiş geňeşine öz üstüne alan jogapkärçiliklerini ýatlatdy.

“NATO Liwiýa halky we uly jogapkärçilik çekýän Milli geçiş geňeşi bilen hyzmatdaşyga taýyn. Olar geçişiň arassa bolmagyny, onuň hemmeleri öz içine almagyny üpjün etmeli. Ýurt agzybir galyp, geljek barlyşyga esaslanmaly, adam hukuklary hormatlanmaly” diýip, Rasmussen aýtdy.

“Ýewropa Bileleşigi” hem duşenbe güni reformalary ýerine ýetirmekde aralyk hökümeti goldajakdygyny bildirdi.

Tire-taýpaçylyk

Tripolide oppozisiýa söweşijisi, 23-nji awgust.
Kaddafiden soňky Liwiýanyň geljegi baradaky şübhe köplenç bu ýurduň tire-taýpaçylyk häsiýetinden gözbaş alýar. Käbir synçylar muňa ýurtda endigan geçişe, döwrebap, agzybir döwletiň gurulmagyna abanýan päsçgelçilik diýip garaýar. Ýöne Britaniýanyň Liwiýadaky öňki ilçisi Riçard Dalton bular ýaly ýagdaýyň aşa çişirilýändigini aýdýar.

“Men adamlar tire-taýpaçylyk meselesine ýokary ähmiýet berer öýdemok. Olaryň ýanynda ilkinji orunda durýan zat öz watanyna, maşgalasyna bagly bolup galmaklyk” diýip, Dalton aýdýar. “Tire-taýpaçylyk bulardan ýokary syýasy kanunylygyň ýa syýasy häkimiýetiň çeşmesi däl. Döwrebap şäherlerde ýaşaýan ilat beýleki ýerlerdäki şäher ilaty ýaly”.

Britaniýanyň Liwiýadaky öňki ilçisi Riçard Dalton
Ýöne, Daltonyň pikiriçe, ýagdaý ýaramazlaşyp, anarhiýa dörese, käbir adamlaryň ýolbaşçylyk üçin tire-taýpalardan haraý gözlemegi mümkin. Emma ol beýle bolar diýip pikir edenok. Ol liwiýalylaryň Milli geçiş geňeşiniň düzen prinsiplerine eýerjegine ynanýar. Bu prinsiplerde Liwiýa “Garaşsyz, demokratik döwlet” diýlip kesgitlenýär. Onda şeýle-de yslamyň resmi dindigi ykrar edilip, “şerigat kanuny kanunçylygyň esasy çeşmesi” diýilýär.

Kaddafiniň howpsuzlyk güýçleriniň NATO-nyň howa hüjümleriniň zarbyndan darganlygy sebäpli, Liwiýanyň oppozisiýasynyň öz planlaryny ornatmak şansynyň goňşy ýurtlar Müsür bilen Tunisiňkiden ýokary bolmagy mümkin. Bu goňşy ýurtlarda, dowam edýän ýylda bolan rewolýusiýalara garamazdan, bu guramalaryň bolmagy hakyky özgerişiň ýol almagyna päsgelçilik döretdi.

Yrakda bolşy ýaly, halkyň arasynda bölünişik döräp, gazaply hereketlere getirmek gorkusy-da ýok däl. Ýöne, Daltonyň pikiriçe, bu ähtimallyk ýokary däl. Sebäbi Liwiýada Yrakdaky ýaly güýçli etnik we dini bölünişik ýok.

Dalton Liwiýanyň geçiş mümkinçiligine goňşularynyňky bilen deň baha berýär: “Meniň pikirimçe, Liwiýada demokratik perspektiwa Tunisiňki we Müsüriňki ýaly. Ol aňsat gelmez, çalt hem gelmez. Bu babatda üns berilmeli bir medeniýet bar. Demokratik gatnaşyk, alyş-beriş, gürrüň, seniň öz garşyňa bolanda-da, saýlawyň netijelerini kabul etmek medeniýeti”.

“Bu barada käbir kynçylyklar bolar diýip, garaşyp bolar” diýip, Dalton aýdýar. “Ýöne liwiýalylaryň uzak wagtlap ýaramaz hökümeti boldy. Olar öz ýurtlaryny dolandyrmak üçin gowy ýollaryň bardygyny bilýärler. Olar goňşy ýurtlarda bolýan yzygiderli öňegidişlikleri görelde ediner. Men muňa umytly garaýaryn”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG