Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň ogly tussaglykda däl


Muammar Kaddafiniň ogly garaşylmadyk ýagdaýda öz tarapdarlary bilen paýtagt Tripolide peýda boldy. Mundan öň gozgalaňçylar ony ele salandyklaryny aýdypdylar.




Sişenbe güni irden Saif al-Islam paýtagt Tripolide Kaddafiniň tarapdarlaryna ýüzlendi. Ol gozgalaňçylary “alakalar” diýip atlandyryp, režimiň tarapdarlaryny olara garşy göreşmäge çagyrdy. Al-Islam öz çykyşynda “Biz şu gün, nesip bolsa, elimize ýarag alyp, alakalara garşy çykarys” diýdi.

Aglaba daşary ýurt žurnalistleriniň bolýan myhmanhanasynyň öňüne baryp, al-Islam öz kakasynyň howpsuzlygynyň üpjündigini mälim etdi. Şeýle-de ol gozgalaňçylaryň Liwiýanyň paýtagtyna dolulygyna eýelemändiklerini aýtdy. Gozgalaňçylar duşenbe güni Tripoliniň 95%-niň öz gözegçiliklerindedigini aýdypdylar.

Al-Islam özüniň tussag edilendigi barada ýalňyş habarlaryň peýda bolmagyny NATO-nyň we Günbatar döwletleriniň üstüne atdy. Ol: “Ilki bilen men ähli gep-gybatlary inkär edýärin. NATO we Günbatar özüniň häzirki zaman tehnologiýalary bilen aragatnaşygy böwetlediler. Meniň pikirimçe, olar maglumatlary halka Liwiýanyň aragatnaşyk liniýalary arkaly ugradan bolmaly. Olar döwlet telewideniýesiniň işini hem kesdiler. Olar Liwiýada gorky we howp döretmek üçin media we elektronik urşy alyp barýarlar” diýdi.

Al-Islamyň aýtmagyna görä, duşenbe güni Tripolide Kaddafiniň bolýan ýerine hüjüm etmek synanyşygynda gozgalaňçylar köp ýitgileri çekipdirler. Habara görä, bu ýer Liwiýanyň esgerleri, tanklary we ýaragly ulaglar bilen goralypdyr.

Al-Islamyň bu çykyşyndan öň, Halkara Jenaýat sudunyň prokurory Luis Moreno-Okampo gozgalaňçylaryň al-Yslamy ele salandyklaryny tassyklandyklaryny aýdypdy.

Duşenbe güni Halkara Jenaýat sudy Saif al-Islamyň Gaaga geçirilmegi ugrunda tagalla edýändigini mälim etdi. Saif al-Islam hem kakasy bilen birlikde adamzadyň garşysyna jenaýat etmekde, ýagny fewral aýynda başlanan gozgalaňy “ähli mümkin şertler” bilen basyp ýatyrmak çärelerine ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýar. Bularyň arasynda ýüzlerçe hökümete garşy protestçini öldürmek, şeýle-de protestçilere garşy ýaraglardan ot açyp, olaryň ýüzlerçisini ýaralamak ýaly aýyplamalar hem bar.

Al-Islamyň sişenbe güni irden paýtagtda peýda bolmagy oppozisiýanyň söweşijileriniň Tripoliniň käbir böleklerinden yza çekilendigini we netijede gan döküşikligiň mundan beýläk hem dowam etmeginiň mümkindigini görkezýär.

Kaddafiniň özüniň nirededigi häzirlikçe näbelli.
XS
SM
MD
LG