Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede 100 töweregi PKK söweşijisi öldürildi


Türkiýäniň harbylarynyň berýän maglumatyna görä, Yragyň demirgazygynda kürt pitneçileriniň bazalary bolanlykda gümän edilen ýerlere geçirilen harby operasiýada 100 töweregi söweşiji öldürilipdir, 80 töweregi söweşiji ýaralanypdyr.

Ýaýradylan beýanata laýyklykda, alty günüň dowamynda geçirilen howa hüjümlerinde jemi 130-a golaý nyşana urlupdyr.

Bir ýyl töweregi dymyşylykdan soň, Türkiýe geçen çarşenbede separatist Kürdüstan Işçiler partiýasynyň (PKK) bazalaryna garşy harby operasiýalary geçirmäge täzeden başlady. Mundan öň, PKK-niň söweşijileriniň Türkiýäniň günorta-gündogarynda amala aşyran hüjüminde 8 esger ölüpdi.

PKK-niň söweşijileri 1984-nji ýyldan bäri özleriniň awtonomiýasyny döretmek ugrunda göreş alyp barýarlar. Şondan bäri, bu konfliktde 45,000 töweregi adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG