Sepleriň elýeterliligi

Belarusda 19 ýaşly türkmen studenti tussag edildi


Belarusyň Minsk raýonynda ýurduň polisiýasy we salgyt inspektorlary bikanun pul alyş-çalyşygyny amala aşyrýan türkmen raýatyny tussag etdiler.

Belta habar gullugynyň Minoblispolkomyň Içeri işler edarasyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, 19 ýaşly türkmen raýaty Borowaýa obasynyň “Ekspobel” bazarynda tussag edilipdir.

Maglumata laýyklykda, tussag edilen köpden bäri polisiýanyň gözegçiliginde eken. Tussagyň ýanyndan 19,500 dollar çykypdyr, ol bu pullary gara bazaryň nyrhynda satjak bolupdyr.

Habara görä, tussag edilen türkmen raýaty Belarusyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde ikinji kursda okaýar.
XS
SM
MD
LG