Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýada adam hukuklarynyň bozulmagyny derňär


Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşi Siriýada hökümete garşy protestleriň basylyp ýatyrylmagynda ulanylan gazaply usullar boýunça halkara derňewine başlady.

Ženewada geçirilen maslahatyň dowamynda “Soňky hepdelerde Siriýada halkara adam hukuklarynyň gazaply bozulmagy boýunça derňew geçirjek garaşsyz halkara komissiýanyň düzülmegi” boýunça rezolýusiýany geňeşiň 33 agzasy goldady.

47 agzadan ybarat geňeşiň 9-sy rezolýusiýa ses bermekden saklandy. Geňeşiň dört agzasy – Hytaý, Orsýet, Kuba we Ekwador rezolýusiýa garşy ses berdi.

Hytaýyň hem Orsýetiň aýtmagyna görä, rezolýusiýa bir taraply bolupdyr we syýasylaşdyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG