Sepleriň elýeterliligi

Straus-Kana bildirilýän aýyplamalar ýatyryldy


Sişenbe güni Nýu-Ýorkda Dominik Straus-Kanyň üstünden jynsy zorluk aýyplamalary boýunça sud diňlenişigi geçirildi. Diňlenişikde Halkara pul gaznasynyň ozalky başlygyna garşy bildirilýän aýyplamalar ýatyryldy.

Mundan bir gün öň, Manhetteniň sülçüsi Saýrus Wens aýyplamalaryň ýatyrylmagy boýunça degişli haýyşnamany beripdi.

Maglumata görä, derňewçilerde jynsy zorluklara sezewar boldum diýýän – Nýu Ýorkdaky bir myhmanhananyň işgäri Naffisatu Diallonyň beren gökezmeleriniň ygtybarlylygy boýunça şübheler döräpdir.

Gwineýadan gelen immigrant Diallo 62 ýaşly Straus-Kany maý aýynda özüni zorlamak synanyşygynda aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG