Sepleriň elýeterliligi

Ol günler ýadymyzda…


Aşgabatda ýaşaýan türkmen aktiwisti, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow

Aşgabatda ýaşaýan türkmen aktiwisti, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow

1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda ir sagat 7-de “Turkmenskaýa Iskra” hem-de “Izwestiýa” gazetiniň Aşgabatdaky korrespondenti Igor Žukow maňa jaň edip, dörän wakalar barada interwýu bermegimi haýyş etdi. Ýaňy ukudan oýanan adamyň täze dörän wakadan habarsyz boljagy tebigy zat. Men Žukowdan näme barada gürleýändigini soradym. Asyl, Moskwada döwlet agdarylyşygy bolan bolsa nätjek…

Men Žukowdan onuň nireden jaň edýändigini soradym. Ol öýünden jaň edýän eken, bir sagatdanam “Iskraň” redaksiýasyna barmakçydygyny aýtdy. Biz sagat 11-de şol ýerde duşuşmagy wadalaşdyk.

Sagat 11-de Žukow bilen redaksiýada duşuşamda, mende döwlet agdarylyşygy barada, şol agdarylyşygyň özi hem ady barada interwýu bererlik maglumat bardy. Žukow menden ur-tut interwýu aldy. Men interwýuda GKÇP-niň bikanundygy, ony halk köpçüliginiň goldamajagy, onuň bir hepdä ýetmän pytradyljagy barada öz pikirimi aýtdym.

Žukow entek menden başga hiç kimden interwýu alyp bilmändigini aýtdy. Döwlet edaralary onuň telefon jaňlaryna jogap bermändirler.

Meni türkmen döwletiniň pozisiýasy gyzyklandyrýardy, beýannama garaşýardym. Men Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň telefonly bir otagyna bardym. Şol otag “Agzybirlik” Halk Hereketine 1989-nji ýylyň noýabryndan ulanmaga berlipdi. 1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Gökdepe galasynda ilkinji gezek Hatyra gününi geçireni üçin ol otag 16-njy ýanwarda “Agzybirlik” Halk Hereketiniň elinden yzyna alnypdy.

Men baramda şol otagda iki adam oturan eken. Men haýyş edip, otagdaky telefony ulandym. Ilkinji jaňy men Ýokary Sowetiň Kanunçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Geldimämmet Igdirowa etdim. Ol türkmen döwletiniň pozisiýasynyň kesgitlenilmändigini, asyl şol ugurda hiç hili işiň edilmeýändigini, adamlaryň alasarmyk ýagdaýdadygyny, Nyýazowyň niredediginiň aýdylmaýandygyny aýtdy. Biz jaňlaşyp durmagy wadalaşdyk.

Şondan soň men “Agzybirligiň” agzalaryna jaň edişdirdim. “Agzybirligiň” Metbugat sekretary Ak-Muhammet Welsapar bilen gürleşip, hökman Moskwa, Ýelsine “Agzybirligiň” adyndan goldaw telegrammasyny ibermeli diýen karara geldik. Emma A.Welsapar 20-nji awgustda irden Moskwa, Russiýanyň Ýokary Sowetine, Ýelsiniň adyna goldaw telegrammasyny iberjek bolanda, Merkezi telegrafyň işgäri telegrammany kabul etmän, özlerine “Russiýanyň demokratlaryny we Ýelsini goldaýan telegrammalary kabul etmeli däl, Moskwa-da ibermeli däl” diýlen buýrugyň berlendigini, ol buýrugyň prezident apparatyndan gelendigini aýdýar. Eýse, şu faktyň özi Nyýazowyň GKÇP-ni goldandygyny görkezenokmy?

19-njy awgustda “Agzybirligiň” prawleniýesi ýygnanyp, dörän ýagdaý boýunça “Agzybirligiň” pozisiýasyny kesgitledi. Şol günden başlap, awgustyň 28-ine çenli Ylymlar Akademiýasyndaky agzalan otag ýene-de wagtal-wagtal “Agzybirligiň” garamagynda boldy.

Awgustyň 20-sine sagat 10-00-da men Igdirowa jaň edip, ýene düýnki soraglarymy berdim. Türkmen döwleti hiç hili beýannama-da kabul etmändir, özüne-de gelmändir; Nyýazowam tapylmandyr. Igdirowy Nyýazowyň attutary, has takygrak aýdanymyzda, ideýa atasy Otçertsow kabinetine çagyryp, Nurmämmedow bilen telefon gepleşikleriniň onuň karýerasyna täsir etjekdigini aýdyp, haýbat atypdyr.

Men Igdirowa häzir Ýokary Sowete baryp, Ýokary Sowetiň başlygynyň orunbasary Otçertsow bilen duşuşjakdygymy aýtdym. Men Lenin bagy tarapdan Ýokary Sowetiň girelgesine baramda, Igdirow maňa garaşyp duran eken. Biz özara gürleşip barýan adamlar hökmünde girelgäni goraýan milisionerleriň gapdalyndan geçip, jaýa girdik.

Otçersow ýerinde ýok eken. Biz Ýokary Sowetde işleýän ýaş adamlar bilen gürrüňçilik guradyk. Olaram esasan alasarmyk ýagdaýda ekenler.

Şäherde yzarlamalar başlandy. Iki bolup durmaklyk gadagan edildi. Miting geçirýän ýerlerimiz gabaldy. Duşuşmak, toplanmak kynaldy. Listowka çykartmak başartmady. Plakatdyr lozunglar ýazdyk.

GKÇP, üç gün diýlende – awgustyň 21-ine ýok edildi. Şol günler “Agzybirligiň” prawleniýe agzasy Mämmet Sähet Moskwada – wakalaryň jümmüşindedi. Gülkünç ýeri, hatda awgustyň 22-sine-de, GKÇP ýeňlensoňam, türkmen gazetlerinde GKÇP-niň haýbatly Permanlary çap edildi!

Ahyrsoňy, awgustyň 23-ine Nyýazowam “süreninden” çykyp, Krupskaýa adyndaky egirme-dokma fabriginde GKÇP-äniň Ukazlary esasynda çykyş etdi hem-de, biziň pikirimizçe, bolýan wakalaryň onuň başyny aýlandygyny, döwlete ýolbaşçy bolarlyk adam däldigini uly ile aýan etdi. Emma biz öz pikirimizde bärden gaýtmalara ýol berenimize soň-soňlar düşündik…

“Agzybirlik” bolsa miting taýýarlaýardy. Mitinge taýýarlygyň köpe çekmegine köp zatlar, şonuň bilen birlikde ýurtda hereket edýän formal däl partiýalaryň-da “Agzybirligiň” mitingine gatnaşmaga göwünjeň bolmagy ýaly gowy zatlaram täsir etdi. Şu ýerde bir zady belläp geçesim gelýär. Taýýarlyk günleriniň birinde ýanyma aýdymçy Akyş gelip, mitingde öz radioapparaturasyny gurnap berjegini aýtdy. Men apparaturanyň mitingden soň, konfiskasiýa edilmeginiň mümkindigini bilemsoň, onuň teklibinden el çekip, ötünç soradym, duýgudaşlygyna bolsa minnetdarlyk bildirdim: bizde pragmatizme gulluk etmek endigi ýokdy.

26-njy awgustda Mollanepes teatrynyň arka tarapynda formal däl guramalaryň aýak üstündäki duşuşygyny geçirdik. Şol duşuşykda mitingi iki etapda: 27-sine 17-00-da Magtymgula goýlan ýadygärligiň meýdançasynda şäher ilatynyň gatnaşmagynda, 28-ine bolsa ýurduň başga ýerlerinden gelenleriňem goşulmagynda geçirmeli etdik. Bize bir golaý ýerde ine-gana oturyp, geçiriljek mitingleriň rezolýusiýasynyň proýektini taýýarlamak gerekdi. Onsoň şol ýerden Moskwanyň “Demplatformasynyň” Aşgabatdaky filialynyň agzasy Aşyrguly Baýryýewiň öýüne gitdik hem-de şol ýerde proýekti taýýarladyk.

Soňra biz “Dempartiýanyň” başlygy Durdymyrat Hojamuhammedowy çagyryp, ony öz partiýasy bilen mitinge gatnaşmaga yrdyk, ol razy boldy. Ol proýektiň aşagyna hiç hili gürrüňsiz gol goýdy. Sebäbi “Dempartiýanyň” käbir agzalary mitingi taýýarlamaga eýýäm gatnaşyp ýördüler.

27-nji awgustda irden mitingi gurnamagyň ugruna çykdyk. Ylymlar Akademiýasyndaky otaga baramda, otagda Şöhrat Kadyrow, Muhammetgeldi Berdiýew bilen ýene üç adam bar eken. Şöhratdan INSO-nyň (Intellektualnoe sotrudniçestwo – “Agzybirligiň” ýanyndaky gurama) adamlaryna aýdylandygy ýa aýdylmandygy barada soradym. Şöhrat INSO-nyň başlygydy. Aýdylmandyr. Oňa: “– Sýad na telefon!” diýsem, telefon depderçesini öýlerinde galdyran eken. Öýlerine taşlamakçy bolsam, Muhammetgeldem gidermen boldy. Ol “Dempartiýaň” başlygy Hojamuhammedowyň ýanyna barmakçy eken. – Men ýolda düşerin - diýdi.

Hojamuhammedow düýn mitingiň rezolýusiýasynyň proýektine dempartiýaň adyndan gol çekipdi. Ol eýýäm otagmyzda bolup adamlaryny jemlemelidi. Men onuň bilen gürleşmekçi boldum. Barsak, gapysy gulplanmandyr. Girdik. Hojamuhammedow krowatyň üstünde ýatan eken. Salamdan soň, men oňa:

– Barmansyň-la? - diýsem,

- My w mitingah ne uçastwuýem - diýdi.

- Düýn başgarak gürleýärdiň-ä?

- Segodnýa my proweli konferensiýu. Reşili ne uçastwowat.

- Ýeşe i desýati net, kogda uspeli?

Ol ýerinden turdy-da gapyň agzyndaky stoluň başyna geçip, trubkasyna temmäki dykalap başlady. Bizem seredip durus. Ahyrsoňy gürledi:

- My rano utrom proweli.

Entek ýuwunmaga ýetişmedik adamyň iliň adyndan ýalan sözläp durmagyna çydan däldirin-dä:

- Wstat! - diýip gygyranymy duýman galypdyryn.

Ol-a temmäkisini seçelendirip, zöwwe galdy, etli-ganlydanam semiz Şöhrat bolsa:

- Ne nado, Nurberdi! – diýip, eýýäm aramyzda peýda boldy.

- Da, ne tronu ýa ýego! A ty, çtob çerez 15 minut byl w Akademii i wyzywal swoih! Opozdaýeş – razgowor prodolžim.

Şöhrat ikimiz çykyp gitdik. Hojamuhammedowy bolsa, Akademiýa ýetmänkä, milisiýa “ýygnapdyr”.

13-00-da öýe nahara baramda, Şöhradyň jaň edip, meniň gözlenýändigimi, Akademiýa gelmeli däldigimi, ýadygärlik meýdançasynyň gabalandygyny aýdandygyny habar berdiler. Men telefonda degişli adamlara ýadygärligiň meýdançasyna 17-00-da çar tarapdan hem çalasyn barmalydygyny aýdyp, metbugat öýüne gitdim. Şol ýerde esasan “Komsomolets Turkmenistana” bilen “Ýaş kommunistde” işleýänler bilen duşuşdym. Mitinge şol ýerden 40-50 adam bolup, pyýada, baglyklaryň içi bilen gaýtdyk. Ýolugra Geldimämmet Igdirowam aldyk. Ýadygärlik meýdançasyna güýç görkezip geçmeli bolduk. Meýdançada “Agzybirligiň” hem beýleki guramalaryň adamlary bar eken. Biz meýdança girenimizden soň, gabaw aýryldy.

Türkmenistanyň intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň öňünde miting gurnaýar, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow çykyş edýär, 1991-nji ýylyň 27-nji awgusty.
Mitingi men alyp bardym. Mitinge gelenleriň düzümi internasionaldy, şonuň üçin mitingi iki dilde alyp barmaly boldy. Mitingiň geçirilmeginiň sebäbini hem maksadyny aýdanymdan soň, çykyş etjekleriň ilkinjisine söz berdim hem-de ýanymda duran “Agzybirlik” Halk Hereketiniň egindeş başlygy ýazyjy Hudaýberdi Halla şu günki mitingde çykyş etmeli däldigini – ertirki mitingi onuň özüniň gurnamaly hem geçirmeli boljagyny aýtdym (“ýygnaljagyňy” bilmek üçin welilik derkarlygy ýokdy).

Hudaýberdi birbada meniň bilen ylalaşdy, emma mitingiň barha ýokary galan şowhunynyň ýelginine olam çykyş etmän durup bilmedi! Nädip saklanjak: adamlar Magtymgulyň alnynda köňlünde beslän arzuw-hyýallaryny taraşlap şagladýarkalar, sen näme olardan bogaz boljakmy?! Çykyş etdi - dogry etdi! Şunuň ýaly ýagdaý adam ömründe bir gezek ýa duçar bolar ýa-da bolmaz. Pursaty elden berme – Adamdygyňy subut et! Özüňi Adam duý! Gorky-ürkini kalbyňdan zyňyp taşla! Endişäniň ýeri däl bü! Seriňden geçip, halkyň üçin ädim ätmek gerçegiň işi! Belki, bu seniň ykbalyňdyr! Men ol günki duýgulary hatda goşgy setirlerine-de salmaga synanyşypdym:

Belent daglaň başy ümürdir-gardyr.
Olaryň yşkyna sähralar zardyr.
Gowgadan gaçmaýan Ärleň ykbaly
Halkyň ykbalyna çaýylan zerdir.

Dag başy dumanly, Är başy – gowga.
Beýle ykbal alynmaýar saýlanyp.
Daglaň, Ärleň kuwwatyndan bat alyp,
Ýeriň togalagy ýaşar aýlanyp!

Erkini özüne tabyn edensoň,
Şeýle ykbal Äriňki hem Dagyňky,
Bu ykbal ýetdirmez ikigöwünlä,
Är ykbaly mydam döwtalabyňky!


Ýöne hut şeýle gowgaly pursatda adam oglunyň serinden geçmeli bolýandygyny, eýse Magtymguly atamyz seniň hem meniň üçin has öň aýdyp geçmänmi nä?! Bu setirler il-gün üçin orta çykanlara bagyşlanan dälmidir:

Endişeden bir iş bitmez
Sapynda däli bolmasa!


Mertebäňi aýak asty etdirmeg-ä däl, oňa bolar-bolgusyza jogapsyz tokundyrmagam ölümden erbet gören, şonuň üçinem duellerde birnäçe gezek döşüni geren rus şahyry Aleksandr Puşkiniň “Dälibaş” goşgusam seniň üçin ýazylmanmydy?! Geniler diňe Adam – Adamzat üçin ýazýarlar. Olarda nähili täsin meňzeşlik bar – olaryň ömrüniň ölçegi ýyl bilen däl, döredijilik pursatlary hem adamlaryň yşky bilen ölçelýär. Şonuň üçin olar biziň barlygymyzda elmydama bar.

1991-nji ýylyň 27-nji awgust güni beýik Magtymgulynyň daş heýkeliniň gaşynda türkmeniň öz erkinligini duýan az sanly günleriniň biri boldy. Ol gün çykyş edenler şeýle köp boldy. Syýasy hereketlerden daşda durýanlaram çykyş etdiler. Nyýazowyň tarapynda çykyş etmäge borçlandyrylan Aşgabat şäher ispolkomunyň başlygy Sarjaýew bilen “Aksa” metjidiniň mütewellasyna-da söz berdim. Ýöne olaryň çykyşlary goldanylmady. Mitingiň ahyrynda hökümet agzalarynyň otstawkasyny talap edýän rezolýusiýa kabul edildi hem-de miting ýerinden Ýokary Sowetiň jaýynyň öňüne ýöriş etmeklik hem-de şol ýerde protest açlygyny gurnamaklyk karar edildi. Ors-türk – adam bary “Agzybirlige” agzalyga ýazylmak üçin daşyma üýşdi.

Türkmen parlamentiniň deputaty Halmyrat Söýünow Nyýazowyň hökümetiniň işden çekilmegini talap edip, Ýokary sowetiň jaýynyň öňünde açlyk yglan edýär, Aşgabat, 1991-nji ýylyň awgust aýy.
Ýokary Sowetiň jaýynyň öňüne çenli ýöriş etdik. Şol ýerde sekiň üstünde ýazylan keçeleň üstünde üç adam: deputat Halmyrat Söýünow, deputat Igdirow, ylmy işgär Şöhrat Kadyrow dagy açlyk çekmäge galdylar. Olar üçin hemaýatçy topar bellenildi. Men şol ýerden bäş-üç sany “Agzybirligiň” agzalary hem mitinge baranlar bilen gije 12-den soň gaýtdym. Bizi ep-esli ýere spesnazyň alty sany esgeri gapdallap ugratdy. Olaryň borjuna aýgyt edip bilmän kösenişlerini görüp, ekabyrragyny ýanyma çagyrdym. Daýawdan berkbeden, 35 ýaşlaryndaky oglan… Men oňa: “Fiziçeski razwit, nadeýus, intellektualno tože” diýsem ýylgyrýa…

Olary Jenaýat agtaryş uprawleniýesiniň başlygy Ýazgeldi Lokgaýew meni alyp gaýtmak üçin iberipdir. Meniňem pyýadasy perzi çykan küştçiniňki ýaly keýpim kök, diýenimem ýerine düşüp dur. Degişdim. Engels köçesine ýetibem, spesnazçylary “prawoe pleçe wperýod, marş” diýen komanda bilen Lokgaýewiň ýanyna “Salam” bilen iberdim. (2001-nji ýylda il arasynda “Santa Barbara” adyny alan jaýdaky aptege girdim. 7-8 adam nobata duran eken. Nobatda ilkinji duran adam gaňrylyp baş atdy - Ýazgeldi Lokgaýew eken: Abaýda Lokgaýew diýen bagşynyň ogly. Men aptekden çykamda, olar ýene bir daýaw adam bilen maňa garaşyp duran ekenler. Ýanyndaky bilen tanyşdyryp:

- Ýemu goworýu, hotýa i byli na dolžnostýah, podlosti ne delali – diýdi.

(Ol ors dilli türkmendi). Ikisem daçalarynda güýmenýän ekenler. 1990-njy ýylda Şiraly “ýygnalanda”, şäher milisiýasynyň başlygy hökmünde kömekden başga zat etmändi). Degşip hoşlaşdyk.

KNB-niň bir polkowniginiň “Agzybirligiň” adamlaryna aýtmagyna görä, meniň öýüm gabalypdyr, şol ýerdenem men “ýygnalmaly” ekenim. Şonuň üçin meni “Agzybirligiň” adamlary öýe barmasyz edipdirler. Munça bolmadyk işler üçinem “ýygnalyp” ýören adam, şu miting üçin “ýygnaljagyny” bilýärdi ahyryn. Sypmajak halyňa gaçyp ýörmegem gelşikli zat däl. Emma oglanlaryň talaby bilen talapkärleriň biri - “Agzybirligiň” agzasy Aganyň Aşgabatdaky öýüne gitmeli boldum.

Ertesi irden açlyk çekilýän ýere degip geçäýmekçi boldum. Men taksiden düşüp, on-on bäş metrlikdäki sekä çykanymdan yzly-yzyna dört sany “kozlik” geldi. Şolardan düşenleriň hersem menden öz ýany bilen gitmegimi talap etdiler. Men “biraz garaşyň…” diýip, öz işim bilen boldum. Ýokary Sowetiň jaýynyň öňünde bäş-on sany adamyň içinde Ýowşan aga bilen Myrat aga Diwanaýewem bardy. Açlyk çekýänleri äkidipdirler. Men yzymdan gelenlerden nirä äkitjekdiklerini soradym. Olaryň biri meni KGB-niň başlygynyň ýanyna äkitmekçi, ýene biri – Genprokuroryň, başga biri – MWD-niň ministriniň ýanyna. Dördünjisiniň nirä äkitmekçidigi ýadymdan çykypdyr. Men olardan meniň kim bilen gitmelidigimi soradym. Milisiýa eşikli maýor:

- Meniň bilen! - diýdi. Ol çininiň graždan eşikli duranlaryň hemmesinden ýokarydygyny aýtdy. KGB-ä äkitjegiň çini leýtenant eken.

- Öňler, bolmanda, podpolkownik iberýärdiler. Halys bolmajym bolýaňyz-ow - diýip degişsem, ol ýene çyny bilen leýtenantdygyny aýtdy.

- Maýor, äkit onda sen meni! - diýsem, ol baryp öz “kozliginiň” gapysyny açdy-da duruberdi.

- Näme duruberdiň, äkit-dä meni!

- Nähili?

- Nädip? - diýsene. Elimi gaňryp, urup, ýenjip. Ýakynda birimiziň gapyrgasyny döwüpsiňiz-ä!

- Özüňiz münäýseňiz-läň.

Umuman, maşyna münýänçäm, emelsiz maýor ýykylmaly boldy, papagam tigirlenip gitdi. Ýogsa, göräýmäge, daýaw oglan. Kabinetinde meniň degişme soragyma, bir döwür göreş tutandygyny aýtdy. Ministrlikde OOOP-yň (Otdel ohrany obşestwennogo porýadka) başlygy eken. Ady Ata.

Ministr Nyýazowyň ýanyna çagyrylypdyr. Ata bilen üç sagatlap gürleşip oturdyk. Getirilen adama üç sagadyň içinde deslapky aýyp bildirilmese, getirilen boşadylmaly. Emma meni, talap etsemem, boşatmadylar. Oňa derek iki sülçiniň gatnaşmagynda meniň hereketlerimi döwlet agdarmaklyga synanyşyga degişlilikde derňäp başladylar. Şol döwürde mitingler hem ýörişler geçirmeklik 278-nji Postanowleniýe bilen kesgitlenýärdi. Sülçiler, öňki endiklerine görä, meniň işimi ýene-de agzalan Postanowleniýäň 1-nji, ýagny gadagan ediji bölümi esasynda derňediler.

Sagat ikiň ýarlarynda, derňewi gutaransoňlar, sülçiler protokola degişli bolmadyk bir soraga jogap bermegimi haýyş etdiler. Olaryň aýtmagyna görä, düýn Durdymyrat Hojamuhammedow islendik soraga jogaby men barada gürrüň etmekden başlan eken. Olar şonuň sebäbini soradylar. Men:

- Dost özümiňki: haky bardyr. Bu meselä burnuňyzy sokjak bolmaň – diýip, türkmençilik etdim.

Sagat 2-lerde meniň ýanyma deputatlar Geldimämmet Igdirow bilen Halmyrat Söýünowy getirdiler. Olary meniň ýanyma öz wekilleri hökmünde Nyýazow iberen eken. Eger-de men şu günki geçirilmeli mitingi geçirmekden el çeksem, Nyýazow meni döwlet agdarylyşygyna synanşykda aýyplajak dälmiş. Bu şerti olar “Agzybirligiň” adamlaryna-da aýtmalymyş. Özüne bildirilen beýik ynama hötde gelip bilmedik, janyndan gorkusyna halkyň garşysyna ýarag ulanmaga taýýar (men ikinji etažyň penjiresinden howly doly ýaragly spesnazy gördüm) wezipeli maňa ultimatum bildiripdir. Men “Agzybirligiň” oglanlaryna Nyýazow baradaky pikirlerimi aýdyp:

- Şol meni iýip bilýän bolsa, iýsin, mitingi welin, hökman geçirmeli. Siz Hudaýberdi bilen Gylyja mitingi maňa garaşman başlamalydygyny aýdyň! - diýdim.

Iki sagatdan soň sülçiler Hudaýberdi Hallynyň getirilendigini aýtdylar. Men Hudaýberdiniň ýanyna öz adwokadym Gurban aga Nyýazowy iberdim. Gylyç Ýarmämmedowam “ýygnalypdyr”.

Meni iş açylyp, sorag gutaransoňam, şu günki, ýagny 28-nji awgustdaky, mitinge ýygnanan adamlary dargytman boşatmajaklaryny öňki tejribämden bilýärdim. Şonuň üçindir-dä, meni “prokuror gürleşmek isleýär” bahanasy bilen saklap, diňe agşam sagat 9-dan soň boşatdylar.

28-nji awgustdaky mitinge gelýänleri, aýdylyşy ýaly, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mitingiň geçiriljek ýerine ýetirmän, dargatmagyň kül-külüne düşen ekenler. Umumylykda aýdanyňda, bu iş olara başardanam bolsa, olar güýçli gaýtawula-da duçar bolupdyrlar. Kä ýerlerde tutluşygam bolupdyr.

Emma şol jogapkärli taryhy pursatda düzüw düşünjä gabat gelmeýän şahsy bähbidi üçin halkyna ýarag çenän, kesekiniň öz içimizden saýlan dikmesi öz ýallakçylary bilen GKÇP-ni goldasa-da, halkdan üstün çykdy. Şeýdibem Türkmenistanda GKÇP-den gözbaş alan diktatura emele geldi. Nyýazow Garaşsyzlyga-da diňe şondan soň göwnedi. Döwlet apparaty ukyply adamlardan däl-de, ýaranjaňlardan düzüldi. GKÇP-den ýarym ýyl geçip geçmänkä-de, azyk önümleri bizde kartoçkalar bilen paýlanyp başlandy. Bu ýagdaý hem ençeme ýyla çekdi.

GKÇP wakalaryndan bäri 20 ýyl geçdi. Emma döwlet entägem GKÇP-niň Permanlary bilen dolandyrylýar. Galan zatlar, esasanam adamçylyk gymmatlyklary üýtgedi. Ýurtda kanunlar hem şertnamalar işlänok. Syýasy partiýalar, garaşsyz profsoýuzlar dargadyldy. Türkmenistan adam hukuklaryny äsgermeýän ýurtlaryň öňbaşçysy boldy, sosial üpjünçilik, oba hojalygy, senagat 1950-nji ýyllaryň derejesine çenli aşak çökdi. Ykdysadyýet gaz iňňesinden iýmitlenýär... Ilatyň öýüni ýykmaklyk prezidentiň güýmenjesine, has takygy “özüni görkezmek usulyna” öwrüldi. Büzmeýiniň tehnogen katastrofasy döwleti GKÇP-e usulynda dolandyrmagyň miwesi. GKÇP-den gözbaş alan nyýazowçylyk diktaturadan el çekmäge, eýse ýene nähili alamat ýetmeýärkä?

Azatlyk Radiosynyň GKÇP-niň 20-ýyllygyna bagyşlanan gepleşikleri örän täsirli boldy. Gepleşigi diňläp, GKÇP wakalarynyň ýene bir gezek şaýady bolana döndüm. Şol wakalara gatnaşan egindeşlerimizi ýatladym. Olaryň içinde Bapba Gökleň, Mommy aga, Hally neresse, Pirli aga, Annarejep aga, Baýýak aga, Atamyrat aga, Baýly aga, Meret aga, Ýowşan aga ýaly dünýäsini täzelänlerem bar, olaryň jaýlary jennetden bolsun. Ýazgyda atlary tutulmadyk Amanmyrat aga, Aman Goşa, Ýusup Hydyr, Mommy aga, uzyn Gylyç ýaly “Agzybirligiň” ýüzlerçe agzasy bar. Şolaryň hemmesem GKÇP-niň garşysyna duranlaryna buýsanardylar, häzirem buýsanýarlar. Olar öz graždanlyk borçlaryny berjaý etdiler. Olar azatlyklaryny hem mertebelerini satlyga çykarmaýan türkmenleriň entek kändigini subut etdiler. Döwletimiz halkyňky bolanlygynda, bu gün olaryň hatyrasyna baýdak galdyrylardy. Wagt geler – bu hökman şeýle-de bolar.

Nurberdi Nurmämmedow Aşgabatda ýaşaýan türkmen aktiwisti, "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG