Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syrtlanlar


Ýyrtyjy haýwanlar toparyna degişli syrtlanlar barada şu günki güne çenli hiç bir halkyň dilinde ýagşy söz aýdylmaýar. Syrtlanlar hakda Aristotel şeýle diýipdir: “Olar juda mekirdiler we gorkakdylar. Açgözlük bilen maslyklary çekeläp, melgunlar deý syrtarýardylar. Mundan başga-da, olar öz jynslaryny üýtgedip, birden aýal jynsa, birdenem erkege öwrülýärdiler”.

Syrtlanlaryň jynslaryny üýtgedýändigi hakda meşhur basnýaçy Ezop hem öz basnýalarynda aýdyp geçipdir. Ernest Hemingueý bolsa bu haýwanlary “ölüleri haramlaýan germafroditler” diýip atlandyrypdyr.

Ylmyň ösmegi bilen, hususan-da, Kaliforniýanyň Berkliý uniwersitetinde 1984-nji ýylda syrtlanlary öwrenmek boýunça merkeziň açylmagy bilen, bu jandarlar baradaky mifler duman dagan ýaly edildi. Syrtlanlaryň germafrodit däldikleri subut edildi. Mundan başga-da bu haýwanlaryň arasynda matriarhat düzgüniniň hereket edýändigi anyklanyldy.

Syrtlanlaryň hem adaty ýyrtyjylardan tapawutlanmaýandygyna garamazdan, bu haýwanlara bolan otrisatel pikirler türkmenlerde-de bar.

Aslynda, adamzat üçin ýyrtyjylaryň hemmesi-de howply. Möjek hem, gaplaň hem, ýolbars hem... Bu ýyrtyjylar adamlaryň özlerine-de, olaryň mallaryna-da erjeşýärler. Ýöne şonda-da türkmenler çagalaryna mertligiň alamaty hökmünde Gurt, Böri, Möjek, Arslan, Şir diýip, şol ýyrtyjylaryň atlaryny dakýarlar. Emma syrtlanyň adyny welin türkmen çagasyna dakmaýar.

Möjek, gaplaň, ýolbars şeýle gazaply ýyrtyjy bolsalar-da, ynsan bilen pete-pet gelende, aňsat-aňsat oňa ilki topulmaýar, onuň bilen erjeşmeýär. Şonuň üçin hem türkmenler şeýle gazaply ýyrtyjylaryň atlaryny mertlige ýanap, öz çagalaryna dakýarlar diýilýär.

Syrtlanlar ýyrtyjy haýwan bolsa-da, türkmenlerde namartlygyň simwoly bolup durýar. Syrtlanlar arslana diňe tapdan düşen wagty, özlerem köplenişip topulýarlar. Daşyna köplük bolup geçip, ony öldürýärler. Mal-garany parçalamaga kümsüklik bilen agşamlaryna barýarlar. Syrtlanlaryň bu namart häsiýetleri türkmenlerde bu haýwana bolan ýigrenç duýgusyny döredipdir.

Adama-da deň siňipdir

Tebigatdaky ýowuz hem mylaýym häsiýetler tebigatyň goýnundaky her bir jandara, şonuň bilen birlikde tebigatyň iki aýakly jandary bolan adama-da deň siňipdir. Adamlaryň arasyndaky rehimli hem rehimsiz, mert hem namart gylyklylary ýatlanymyzda biz bu aýdylanlary makullasak gerek. Hemmelere ýagşylyk edip, alkyş alyp ýören mähriban adamlar bar, hiç bir günäsizleri rehimsizlik bilen parçalap ýören adamlar bar. Hut şonuň ýaly, adamlaryň arasynda-da her döwürde-de syrtlan häsiýetlileri-de ýaşap gelýär. “Hanlaryň hany” titulyna eýe bolup, beýik Mogollar imperiýasyny dolandyran Baýram han türkmeni namaz okap otyrka iki aýakly “syrtlan” arkasyndan bukulyp baryp, pyçaklap öldürýär. Şeýle ýagdaýda hezreti Aly hem öldürilýär. Ol hem metjitde namaz okap otyrka iki aýakly “syrtlanyň” biri arkasyndan bukulyp baryp, ony pyçaklaýar.

Iki aýakly “syrtlanlar-da” hut dört aýakly syrtlanlar ýaly örän namart. Olar hiç wagt ýüzbe-ýüz göreşe girip bilmeýärler. Bigaýrat hereket edýärler. Hatda olar iş ýerlerinde özleriniň çyn atlaryny-da bukýarlar. Ertirki gün atlarynyň bilnerinden gorkýarlar. Ogryn hereket edýärler. Olar kümsükläp, duýdurman, adamlary yzarlaýarlar, adamlary işden, ýurtdan kowdurýarlar, gadagan edýärler. Özleriniň “syrtlançylyk” işlerinden welin lezzet alýarlar. Sebäbi olar özleriniň örän namart iş bilen maşgala ekleýänlerine düşünenoklar. Ejiziň daşyna köplenişip geçýärler. Bir özi galanda hiç bir iş bitirip bilmeýärler. “Syrtlanlar” kapasa düşende özlerini garamaýagyň çagasy ýaly mert alyp baryp bilmeýärler. Ejizläp, bigaýratlyk edip, masgara bolýarlar.

Alaç ýok. “Syrtlanlardan” adam ýasap bolmaýar. Her zat bolsa-da, tebigatyň goýnunda biz olar bilen bile ýaşamaly. Ýöne adamlar olardan ägä bolmagy başarmaly. Olaryň awy bolmazlyga çalyşmaly. Seresap ýaşamaly. Seresap gürlemeli. Aýratyn-da, häzirki döwürde olar örän köpelipdir.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG