Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: türkmen hökümetiniň syýasy sistemany üýtgetmek niýeti ýoga meňzeýär


MakLoud: "Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň özgerişlikleri görmek isleýändigine düşünýär. Şu sebäpli-de hökümet şeýle “yşaratlary” görkezmek ugrunda tagalla edýär".

MakLoud: "Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň özgerişlikleri görmek isleýändigine düşünýär. Şu sebäpli-de hökümet şeýle “yşaratlary” görkezmek ugrunda tagalla edýär".

Geçen hepde Aşgabatda GDA we Ýewropa ýurtlarynda habar serişdeleriniň işini ösdürmek boýunça bar bolan tejribeleri öwrenmek meselesine bagyşlanylyp ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata media ugrundan käbir daşary ýurtly spesialistler bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň, käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň, şeýle hem Britaniýanyň we Germaniýanyň ilçihanalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Onda dürli media serişdeleriniň jemgyýetdäki roly, neşir we elektron media serişdelerini kanunçylyk taýdan sazlaşdyryş mehanizmleri, şeýle hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň işi boýunça halkara hyzmatdaşlyklary ýaly meselelere garaldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde käbir daşary ýurtly spesialistler, şol sanda BBC media korporasiýasynyň Dünýä gullugynyň konsultanty Marek Bekerman we ÝUNESKO-nyň kommunikasiýa hem-de maglumat Býurosynyň maslahatçysy Marius Lukoşýunas dagylar hem boldy.

Geçirilýän şeýle maslahatlar Türkmenistanda medianyň erkinleşmegine oňyn täsir edýärmi? Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew şu mesele bilen gyzyklanyp, Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jon MakLoud bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda Türkmenistanda žurnalistika ugrundan seminarlar, ýörite okuw çäreleri geçirilýär. Nyýazow döwründe munuň ýaly çäreler ýok diýen ýalydy. Häzirki döwürde beýle çäreleriň geçirilmegine özgerilşigiň, öňegidişligiň yşaraty hökmünde baha bermek bolarmy?

Jon MakLoud: Bu hökümetiň daşary ýurtlar bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan çemeleşýändigini görkezýär. Ýagny, Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň özgerişlikleri görmek isleýändigine düşünýär. Şu sebäpli-de hökümet şeýle “yşaratlary” görkezmek ugrunda tagalla edýär.

Men bularyň hakykatdan hem bir özgerişlik getirip biljekdigine-de doly ynanmaýaryn. Ählimiziň bilşimiz ýaly, ýurtda metbugat döwletiň berk gözegçiliginde. Juda berk senzura bar. Eger bu ýagdaýlarda žurnalistler özleriniň wezipelerini doly berjaý edip bilmeseler, onda bular ýaly türgenleşikleriň hem peýdaly boljakdygyna şübhäm bar.

Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende, metbugat boýunça käbir belliklerini hem edipdi. Ýöne bularyň aňyrsynda hakykatdan hem çynlakaý niýetiň durandygy şübhe döredýär. Mysal üçin, prezidentiň döwlet resmileriniň, şol sanda özüniň hem işlerini derňemek boýunça metbugata eden çagyryşynyň hakykata laýyk gelýändigini aýtmak örän kyn. Belki, prezident has gyzykly telewizion kanallarynyň bolmagyny, has owadan, özüne çekiji gazetdir-žurnallaryň çykarylmagyny göz öňünde tutýandyr. Ýöne men bu bellikleriň metbugatyň döwletiň kontrollygyndan azat bolmagyna, žurnalistleriň režim barada tankydy makalalary ýazyp başlamagyna ýol açjakdygyna asla ynanamok.

Bir söz bilen aýdylmaly bolsa, bular häzir Özbegistanyň ýolundan barýana meňzeýär. Özbegistan halkara jemgyýetçiligi bilen işleşmegiň ýollaryny öwrendi. Ol ýerde, belkäm, her hepde diýen ýaly žurnalistika, adam hukuklary meseleleri, şeýle-de kanunyň ileriligi boýunça seminarlar geçirilýär. Ýöne hakykatda bu ugurlaryň hiç birinde-de häzir göze ilýän oňyn özgerişlik ýok. Ýakyn geljekde hem boljakdygyny çaklamak kyn. Bu juda gynandyryjy hakykat.

Azatlyk Radiosy: Ýagny siz Türkmenistanyň şeýle çäreleri halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmak üçin geçirýändigini aýtjak bolýaňyzmy?

Jon MakLoud: Men bu ädimleriň aglaba halkara jemgyýetçiliginiň razylygyny gazanmak üçin edilýändgini pikir edýärin. Bärde bir gapma-garşylyk bar. Döwletde bir partiýanyň, bir adamyň hökmirowanlygynyň, merkezleşdirilen dolandyryşyň bolmagy, şeýle-de hiç hili syýasy oppozisiýanyň, garaşsyz medianyň ýoklugy azatlyga çagyryşlary manysyz edýär. Bular biri-birine gapma-garşy gelýär.

Azatlyk Radiosy: Eger şeýle ýagdaýlar bar bolsa, onda geljekde mediadan nämä garaşmak mümkin?

Jon MakLoud: Meniň pikirimçe, köp zada umyt baglamaly däl. Bärde hakyky öňegidişligiň hiç bir yşaraty ýok. Hökümetiň sistemasy juda berk we güýçli. Munuň üýtgemek niýeti-de ýoga meňzeýär. Sebäbi bu bir “çeýe” hereket edýän sistema. Bu sistemanyň üýtgemegine esas ýok. Ol özüne garşy institulary, ýagny azat medianyň, ýurduň içinde oppozision partiýalaryň döredilmegine ýol bermeýär. Prezident ozal oppozision partiýalaryň dörediljekdigini söz hem beripdi, ýöne men bu ugurda özgerýän hiç bir zat göremok.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikriňizçe, häkimiýetleriň köpçülikleýin habar serişdleriniň işleriniň ilhalar bolmagy üçin hakyky işleri etjekdigine umyt barmy?

Jon MakLoud: Gynansak-da, meniň pikirimçe, ýok. Sebäbi, günbatar institutlarynyň oňaýly özgerişlikleri görmek isleginiň ugruna ýykgyn etmek bar. Mysal üçin, olar “Bu žurnlistik kurslaryň öňe bir ädim bolandygyny, munuň netijesinde geljek ýyllaryň dowamynda hakyky özgerişlikleriň bolmagynyň mümkindigini” aýdyp bilerler. Bu bir ynam. Ýöne, gynansak-da, taryh bu ynama delil geçmeýär. Bu bir ýönekeýje umyt.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG