Sepleriň elýeterliligi

Liwiýaly gozgalaňçylar Ras-Lanuf şäherini basyp aldylar


Liwiýaly gozgalaňçylar Ras-Lanuf şäherini basyp alandyklaryny habar berýärler. Ol Liwiýanyň nebit eksport edýän esasy iki portunyň biridir.

Gozgalaňçylaryň maglumatyna görä, portdaky enjamlar weýran edilmändir.

Sişenbe güni gozgalaňçylar Kaddafiniň “Bab al-Aziziýa” köşgüni eýelediler, Kaddafiniň heýkellerini ýykdylar, Milli geçiş geňeşiniň baýdagyny dikdiler.

Gozgalaňçylar köşkdäki esasy heýkel simwollarynyň biri - amerikan ýok ediji uçaryny gysymynda mynjyradyp duran altyn ýumrugy dargatdylar.

Kaddafi Tripolidäki özüniň berk köşgüni gozgalaňçylara tabşyrmagyny “taktik öwrüm” diýip atlandyrdy. Bu beýannama rezidensiýany oppozisiýa tarapdarlary basyp alandan soň “Al-Orouba” telekanalynda ýaňlandy.

Kaddafiniň gozgalaňçylara aýlap, belki ýyllap garşylyk görkezmäge taýýardygyny onuň töweregindäkiler nygtaýarlar.

Kaddafiniň bolýan ýeri öňküleri ýaly näbelli. Onuň tarapdarlary paýtagtyň birnäçe etrabyny öz elinde saklaýar.

Gozgalaňçylar Tripolidäki gazaply söweşlerde 400-den gowrak adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Gozgalaňçylaryň liderleriniň biri polkownik Ahmet Omar Bani oppozision Geňeşiň ştabynyň iki günüň içinde Bengaziden paýtagta geçiriljekdigini aýtdy.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini kanuny häkimiýet hökmünde eýýäm 30 gowrak döwlet ykrar etdi. Şolaryň hataryna sişenbe güni Yrak, Marokko, Bahreýn we Nigeriýa goşuldy.

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes Liwiýada diňe dosty hem ýarany Kaddafiniň hökümetini ykrar edýändigini aýtdy we ABŞ-y Liwiýada graždanlyk urşuny tutaşdyrmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG