Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň hökümet başlygy Saana gaýdyp geldi


Ýemeniň hökümet başlygy Ali Mohammed Mujawar Saud Arabystanyndan Saana gaýdyp geldi. Ol şol ýerde 3-nji iýunda prezident köşgi oka tutulanda alan ýarasyny bejertdi.

Şol oka tutuşlykda 11 adam ölüp, ençemesi ýaralanypdy. Ýemeniň Konsultatiw geňeşiniň başlygy Abdel Aziz Abdel Gany alan ýarasyndan duşenbe güni Jiddada öldi.

Prezident Ali Abdullah Salehiň ýurduna haçan dolanjagy näbelli. Üç aýa golaý wagt bäri Saud Arabystanynda bolýandygyna garamazdan, ol häkimiýeti wise-prezidente tabşyrmady, ýurdy häzir Salehiň maşgala agzalary dolandyrýar.

Ýemende Salehiň iş başyndan çekilmegini talap edýän köpçülikleýin protest aksiýalary ýanwar aýynda başlanypdy.
XS
SM
MD
LG