Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň gündogar kenarynda ýer titredi


Sişenbe güni ABŞ-nyň gündogar kenarynda güýji 5,6 balla deň ýer titredi. Amerikan Geologiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýer titremäniň merkezi Wirjiniýa ştatynda, Waşingtondan 150 kilometrlikde.

Dowamlylygy bir minuta ýetmedik sarsgynda Waşingtonyň kafedral kelisesiniň, Ekwadoryň ilçihanasynyň binalaryna zeper ýetdi.

Sarsgynlar Waşingtonda, Nýu-Ýorkda, hatda Kanadanyň paýtagty Torontada-da duýuldy. Waşingtonda Pentagondan, Kapitoliýadan, Nýu-Ýorkda suduň jaýyndan işgärler çykaryldy.

Nýu-Ýorkda adamlar beýik binalary terk etdiler. Kennedi we Nýuwark aeroportlarynda uçuşlar belli bir wagt soňa goýuldy.

Ýer titremeden soň Wirjiniýadaky “North Anna” atom elektrik stansiýasynyň iki reaktoryny awtomatik howpsuzlyk sistemasy togtatdy. Stansiýa zeper ýetmedi.
XS
SM
MD
LG