Sepleriň elýeterliligi

Politkowskaýanyň ölümi bilen bagly ýene bir adam saklandy


“Nowaýa gazetanyň” žurnalisti Anna Politkowskaýanyň ölüminde günäli güman edilýän ýene bir adam saklandy. Ol milisiýanyň öňki podpolkownigi Dmitriý Pawlýuçenkow. Bu maglumaty Orsýetiň Derňew komitetiniň resmi wekili Wladimir Markin tassyklady.

Moskwa şäher içeri işler edarasynyň jenaýat agtaryş bölüminde ýolbaşçy bolup işlän Pawlýuçenkowa 2006-njy ýylyň iýul aýynda Anna Politkowskaýany öldürmek barada tabşyryk almakda we bu jenaýaty gurnamakda şübhe bildirýärler. Ol işi ýerine ýetirenler Pawlýuçenkowyň tanyşlary - doganlar Mahmudowlar bolup çykdy.

Derňew çarşenbe güni Pawlýuçenkowy tussag etmek haýyşy bilen suda ýüz tutar.

Anna Politkowskaýa 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwada öz öýüniň girelgesinde öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG