Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidentine, 22 çinownigine garşy sanksiýa giriziler


Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar tarapyndan işlenip düzülen Siriýa boýunça rezolýusiýanyň proýekti prezident Başar al-Assada we Siriýanyň razwedka gullugynyň 22 çinownigine garşy sanksiýa girizmäge BMG-ni çagyrýar.

Ýakyn wagtlarda bu proýekti ABŞ-nyň we ýewropa ýurtlarynyň wekilleri BMG-niň Howpsuzlyk geneşiniň garamagyna hödürlär.

Sanksiýalar Siriýada bäş aý bäri dowam edýän oppozisiýanyň aksiýalarynyň ýarag güýji bilen basylyp ýatyrylmagyna Günbataryň jogabydyr. Şol döwür içinde, BMG-niň maglumatyna görä, ýurtda 2,200 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG